Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran möhüm meseleleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatlary (COP) halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
2026-njy ýylyň 9–20-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän COP31 maslahaty hem bu ugurda möhüm halkara wakalaryň biridir. Oňa dünýä döwletleriniň wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we ekologik meseleler boýunça hünärmenler gatnaşýarlar. Maslahatyň esasy maksady howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň birnäçe möhüm başlangyçlaryny öňe sürdi. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, Aşgabat howa dialogyny ýola goýmak we howanyň durnuklylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky teklipler bar.
Türkmenistan daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Netijede, COP31 maslahaty dünýä döwletleriniň ekologik meseleleriň çözgüdinde tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm meýdança bolup durýar. Türkmenistanyň bu halkara çärä işjeň gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň ählumumy ekologik howpsuzlygy üpjün etmek we durnukly ösüşe goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleriniň aýdyň beýanydyr.
Toýlynyýaz Şirmämmedow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika instititynyň uly mugallymy.
Teswirler