Konýa şäherinde 2027-nji ýylyň oba hojalyk sergisi geçiriler

2027-nji ýylyň 6–10-njy​ apreli aralygynda Türkiýäniň Konýa şäherindäki Tüyap​ Konya​ halkara sergi merkezinde oba hojalyk we senagat pudagyna bagyşlanan iri halkara sergileriň biri bolan Konya​ Tarım​ Fuarı​ 2027 (Konya​ Agriculture​ Fair​) geçiriler.

Türkiýäniň möhüm oba hojalyk merkezleriniň biri bolan Konýa ösen logistika mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Her ýyl geçirilýän bu sergi dürli ýurtlaryň öndürijilerini, hünärmenlerini we telekeçilerini bir ýere jemläp, tejribe alyşmak, täze tehnologiýalary tanyşdyrmak hem-de işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Çärä Ýewropadan, Afrikadan, Kawkazdan, Balkanlardan we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan köp sanly kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Serginiň çäklerinde oba hojalygynyň dürli ugurlaryna degişli enjamlar we innowasion çözgütler görkeziler. Olaryň hatarynda häzirki zaman traktorlary, topragy işläp bejerýän maşynlar, ekiji enjamlar, suwaryş ulgamlary hem-de suwy tygşytly peýdalanmaga gönükdirilen tehnologiýalar bar.

Mundan başga-da, «akylly» ekerançylykda ulanylýan sanly çözgütler, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary we maldarçylyk hojalyklary üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen enjamlar serginiň esasy ugurlarynyň hatarynda bolar.

Halkara sergi daýhanlaryň, oba hojalyk tehnikalaryny öndürijileriň, import edijileriň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem gatnaşyjylar täze hyzmatdaşlary tapmak, häzirki zaman enjamlary bilen tanyşmak we özara şertnamalary baglaşmak üçin amatly şertlerden peýdalanyp bilerler.

Konya​ Tarım​ Fuarı​ 2027 oba hojalygynda innowasion tehnologiýalaryň ýaýradylmagyna, halkara tejribesiniň alyşylmagyna we pudagyň işewürlik mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen möhüm meýdança bolar.


Feruza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok