Russiýanyň otlularynda ýolagçylara robot kömekçiler hyzmat edip biler

Russiýanyň demir ýol ulgamynda ýolagçylara hyzmat etmek üçin robotlaşdyrylan kömekçileri ulanmak meýilleşdirilýär. Bu barada «RŽD» kompaniýasynyň baş direktory Oleg Belozýorow «Знание.Первые» aň-bilim marafonynyň çäginde geçirilen çärede habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, täze işlenip taýýarlanan robot ýokary tizlikli «Sapsan» otlusynyň synag gatnawlarynyň birinde eýýäm barlanyp görüldi. «RŽD» häzirki wagtda enjamy ýolagçylaryň gatnaşýan adaty gatnawlarynda ulanmagyň mümkinçiliklerine seredýär.

Täze taslama Russiýanyň ulag ulgamynda robotlaşdyrylan çözgütleriň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işleriň dowam etdirilýändigini görkezýär. Robot kömekçä ýolagçylara hyzmat etmek bilen bagly birnäçe wezipäni ýerine ýetirmek tabşyrylyp bilner.

Şeýle-de bolsa, Belozýorowyň bellemegine görä, robotlar demir ýol işgärleriniň ornuny doly tutmagy maksat edinmeýär. Robotlaşdyrylan ulgamlaryň işine gözegçilik etmek, şeýle hem möhüm çözgütleri kabul etmek adamlar tarapyndan amala aşyrylar.

«RŽD»-niň ýolbaşçysy ýolbeletleriň işinde ýolagçylar bilen göni aragatnaşygyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu işiň ynsanperwer çemeleşmäni talap edýändigini aýtdy.

Robotlaşdyrma ugurlary Russiýanyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynda hem ösdürilýär. Mysal üçin, «KAMAZ» kompaniýasy özbaşdak işläp taýýarlanan antropomorf robotlary önümçilikde ulanmak we geljekde bazara çykarmak boýunça işleri alyp barýar. Häzirki wagtda bu robotlar kärhananyň önümçilik şertlerinde synagdan geçirilýär.


Zybagözel GURBANGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok