Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilýän “Formula 1 ” Azerbaýjan Gran-prisi halkara awtosport ýaryşy bolmak bilen bir hatarda, daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän iri çärä öwrüldi.
2026-njy ýylda Gran-prini göni ýaýlymda synlamak üçin gelen daşary ýurtly janköýerleriň sany 16 müňden geçdi. Bu görkeziji ýaryşyň Bakuda geçirilip başlan 2016-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi. 2025-nji ýylda daşary ýurtly myhmanlaryň sany takmynan 14 müň bolupdy. Şu ýyl ýaryşa petekler dünýäniň 120 -den gowrak ýurdunda janköýerler tarapyndan satyn alyndy.
2026-njy ýylda “Formula 1 ” ýaryşlary Bakuda 10-njy gezek geçirildi. Ýubileý tapgyry mynasybetli “Formula 1 ”-iň resmi saýty Baku şäher trassasynyň taryhyna bagyşlanan aýratyn material taýýarlap, ýaryşlaryň dowamynda trassadan daşarda bolup geçen ýatda galyjy wakalaryň 10 -syny saýlady. Olaryň arasynda Fernando Alonsonyň azerbaýjan halysyny dokap görmegi, Sebastian Fetteliň milli başgap geýmegi we paddokda peýda bolan pişigiň türgenleriň hem-de toparlaryň ünsüni çekmegi ýaly gyzykly pursatlar bar.
Baku trassasynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri onuň şäheriň taryhy merkezinden geçmegidir. Içeri şäheriň gadymy gala diwarlarynyň golaýynda ýerleşýän 8-nji öwrümiň ini bary-ýogy 7,6 metr bolup, ol “Formula 1 ” senenamasyndaky iň dar bölekleriň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Gran-pri geçirilýän günlerde paýtagtda awtomobil söýüjileri üçin dürli çäreler hem guralýar. Azerbaýjan Awtomobil Federasiýasynyň başlangyjy bilen Deňiz kenaryndaky Milli seýilgähde klassik awtomobilleriň sergisi açyldy. Ýaryş günlerinde janköýerler zolagyna barýan myhmanlar dürli döwürlere degişli retro awtoulaglar bilen ýakyndan tanyşyp bilýärler.
Şeýlelikde, Baku şäherinde geçirilýän “Formula 1 ” tapgyry diňe bir sport ýaryşy hökmünde däl, eýsem şäheriň taryhy we medeni aýratynlyklaryny, şeýle hem awtomobil mirasyny halkara köpçülige tanyşdyrýan we müňlerçe daşary ýurtly myhmany özüne çekýän uly çärä öwrülýär.
Azym ATANIÝAZOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler