19-22-nji awgustda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasynda çagalar üçin niýetlenen önümleriň, hyzmatlaryň we bilim mümkinçilikleriniň dürli görnüşlerini bir ýere jemleýän nobatdaky «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy açyldy.
«Kids Expo 2026» sergisi öndürijileri, üpjün edijileri, distribýutorlary, bilim edaralaryny, çagalar üçin haryt öndürýän brendleri we pudagyň hünärmenlerini bir meýdançada jemlemegi maksat edinýär. Bu bolsa çaga önümleri we hyzmatlary ulgamynda täze mümkinçilikleri görkezmek, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giňişlik döredýär.
Serginiň dowamynda myhmanlara dürli ugurlary öz içine alýan giňişleýin meýilnama hödürlenýär. Onda mekdep ýarmarkasy, çagalar üçin egin-eşikleriň, oýnawaçlaryň, mebelleriň, ösüşe ýardam berýän taslamalaryň we maşgala dynç alşy üçin niýetlenen çözgütleriň sergileri guralýar.
Çagalaryň we ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döredýän çäreleriň biri hem halkara küşt ýaryşy bolup, onuň çäginde küşt boýunça okuw sapaklary we ussatlyk okuwlary geçirilýär.
Sergide häzirki zaman döredijilik taslamalaryny hem görmek bolar. Şolaryň hatarynda MenzilMekan Animation studiýasynyň ilkinji «Menekliler» 3D animasion teleserialynyň tanyşdyrylyşy çagalaryň ünsüni çekdi. Mundan başga-da, bu ýerde çagalara niýetlenen dürli interaktiw çäreler we güýmenjeler guralýar.
«Kids Expo 2026» diňe bir sergi we dynç alyş çäresi bolman, eýsem işewür hyzmatdaşlyk üçin hem möhüm platforma hökmünde çykyş edýär. Serginiň çäginde işewür toparlaryň we degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Business to Business” (B2B) duşuşyklary, tejribe alyşmalar we täze hyzmatdaşlyk taslamalary boýunça gepleşikler geçirilýär.
Çagalaryň bilim alşy, döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we maşgalalaryň dynç alyş mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýaly ugurlary bir ýere jemleýän «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy Aşgabatda çagalar pudagynyň dürli ugurlaryndaky täze önümleri we başlangyçlary görkezýän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
Allamyrat Gapurow
Ashgabat.in


Teswirler