Hiç wagt oýlanyp gördüňizmi, bir günüň dowamynda ulanýan zatlaryňyzyň näçesi ösümliklerden taýýarlanýar? Aslynda irden oýanan pursatyňyzdan başlap, gijä çenli peýdalanýan köp sanly önümiň gözbaşynda tebigat durýar.
Içýän çaýymyz, iýýän miwelerimiz, geýýän pagta egin-eşiklerimiz, okaýan kitaplarymyz, ýazýan galamlarymyz, nahar bişirýän ösümlik ýaglarymyz, hatda käbir dermanlar bilen kosmetika serişdelerimiz hem ösümliklerden alynýan çig mallaryň esasynda taýýarlanýar. Ösümlikler biziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.
Mysal üçin, häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan köp sanly derman serişdeleriniň düzümindäki täsir ediji maddalar ösümliklerden alnan. Şol sebäpli alymlar henizem tebigatda täze dermanlyk ösümlikleri öwrenmegini dowam etdirýärler. Şeýle hem dünýäde öndürilýän tebigy süýümleriň arasynda pagta iň giňden ulanylýan ösümlik bolup, millionlarça adamy egin-eşik bilen üpjün edýär.
Türkmenistanda hem ösümlik dünýäsi tebigy baýlygymyzyň möhüm bölegi bolup durýar. Garagum çölünde ösýän sazak, gandym, çerkez, ýowşan ýaly ösümlikler diňe bir tebigaty bezemän, eýsem çägeleriň süýşmeginiň öňüni almaga, topragy goramaga we çöl ekoulgamynyň durnuklylygyny saklamaga uly goşant goşýar.
Şonuň üçin ösümlikleri goramak diňe ekologlaryň däl, her birimiziň borjumyzdyr. Bir agajy kesmezden goramak, boşuna kagyz sarp etmezlik, ýaşyl zolaklary aýawly saklamak ýa-da täze nahal ekmek ýaly ýönekeý ädimler hem tebigaty goramaga uly goşant goşýar. Çünki häzirki wagtda peýdalanýan köp sanly baýlygymyz ösümliklerden gelýär, olary goramak bolsa geljek nesilleriň hem şol baýlyklardan peýdalanmagyny üpjün edýär.
Humaý Hojaniýazowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň III ýyl talyby
Teswirler