Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 21–22-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de Assambleýanyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşdy.

Tawriçeskiý köşgünde geçirilen duşuşykda GDA ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary kanun çykaryjylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Assambleýanyň geçen ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi.

Plenar mejlisde çykyş eden D.Gulmanowa Türkmenistanyň parlament diplomatiýasyny ösdürmäge we GDA ýurtlarynyň arasynda tejribe alyş-çalşyny giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şeýle-de ol şu ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler barada maglumat berip, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň wekiliýetlerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşyklaryň dowamynda parlament diplomatiýasynyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hem-de sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Selbi GULMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok