Anna güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.
«Galkynyş» käninden alynýan gazyň eksport ugurlarynyň hatarynda Hytaý esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda mawy ýangyç Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç ugrunyň üsti bilen iberilýär. Käniň serişde binýady gaz geçirijiniň dördünji ugruny (D ugry) gurmak üçin hem esasy şert bolup durýar. Bu bolsa Hytaýa iberilýän gazyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Gaz çykarmagyň tehnologik taýdan kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Käniň çäginde «ýaşyl» başlangyçlar işjeň ornaşdyrylýar. Hünärmenler önümçilik meýdançalarynyň töwereginde çägä garşy berkitme işlerini geçirýärler we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýarlar. Munuň özi tozanly ýelleriň enjamlaryň işine ýetirýän täsirini azaltmaga ýardam edýär.
«Galkynyş» gaz käni milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary üçin itergi beriji güýç bolup çykyş edýär. Känleriň we gaýtadan işleýän desgalaryň töwereginde ösen ulag, durmuş infrastrukturasy kemala gelýär. Işgärler üçin döwrebap ýaşaýyş toplumlary, ýollar, suw üpjünçilik ulgamlary gurlup, tutuş Mary welaýatynyň senagat taýdan ösüşine goşant goşulýar. «Galkynyş» — bu diňe bir gaz käni bolman, eýsem, döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny onlarça ýyllar öňünden kepillendirýän strategik serişdedir. Onuň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagy üçin täze gözýetimleri açýar.
2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.
Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, dürli ugurlar boýunça turba geçirijiler ulgamynyň döredilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.
Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan işlerine yzygiderli goldaw bermegiň, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.
Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bolsa türkmen mawy ýangyjynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge ýol açar. Uzak möhletleýin geljekde bu taslama ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülip, sebitiň durnukly ykdysady ösüşine saldamly goşant goşar.
TDH.
Teswirler