Kod ýazýan adamlar dünýäni üýtgedýärmi?

Telefonuňy açanyňdan başlap, sosial ulgamlarda gezmegiň, onlaýn söwda etmegiň ýa-da online taksi çagyrmak, bularyň hemmesiniň aňyrsynda bir zat bar – kod. Programmirleme häzirki döwrüň görünmeýän güýji hökmünde dünýä ykdysadyýetini, jemgyýeti we hatda gündelik durmuşymyzy üýtgedýän esasy faktora öwrüldi.

Köp adam programmirlemegi diňe düşnüksiz belgiler diýip kabul edýär. Emma hakykatda bu, logika bilen döredijiligiň birleşýän ýeridir. Bir programmist diňe programma ýazmaýar, ol adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirýän çözgüt döredýär. Mysal üçin, bank hyzmatlarynyň birnäçe sekuntda ýerine ýetirilmegi ýa-da ýol tapýan kartalaryň işlemegi hut şol kodlaryň netijesidir.

Häzirki wagtda dünýäde döredilen maglumatlaryň takmynan 90%-i soňky birnäçe ýylda emele geldi. Bu maglumatlary saklamak, işlemek we seljermek üçin bolsa programmirleme esasy gural bolup hyzmat edýär. Şeýle hem NASA ýaly guramalar kosmos barlaglarynda Python we C++ ýaly dilleri giňden ulanýar.

Mundan başga-da, dünýä ykdysadyýetinde IT pudagynyň paýy ýylsaýyn ýokarlanýar. Analitikleriň maglumatlaryna görä, emeli aň we programma üpjünçiligi bazary trillion dollarlyk derejä ýetmek ugrunda ösýär. Bu bolsa programmistleriň diňe häzirki wagtda däl, eýsem geljekde hem iň islegli hünärmenleriň biri boljakdygyny görkezýär.

Netijede, programmistler diňe kod ýazýan adamlar däl, olar sanly dünýäniň arhitektorlarydyr. Olar görünmeýän ulgamlary döredip, dünýäni her gün az-kem üýtgedýärler.

Roza AŞYROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok