2026-njy ýylyň 4-nji martynda Bişkek şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Gyrgyz Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan Gyrgyz-Türk “Manas” uniwersitetinde düşündiriş häsiýetli umumy sapak guraldy. Bu çärä ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýty habar berýär.
Çäräniň dowamynda 2026-njy ýylyň şygarynyň mazmuny giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň hem-de alyp barýan yzygiderli işleriniň netijesinde milli medeniýeti ösdürmäge, şeýle hem ýurdumyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek ugrunda uly tagallalaryň edilýändigi bellenildi.
Çykyşlarda türkmen bedewleriniň halkymyzyň maddy we ruhy baýlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygy, şol bir wagtyň özünde olaryň türkmen halkynyň baý taryhy mirasynyň nyşany hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, ahalteke atlaryny ylmy taýdan öwrenmek, olaryň tohumyny gorap saklamak hem-de dünýä derejesinde giňden tanatmak boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýratyn durlup geçildi.
Çärä gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň dünýäniň iň gymmatly we meşhur at tohumlarynyň biri hökmünde tanalýandygyny, Türkmenistanda bolsa olaryň aýratyn sarpalanýandygyny bellediler. Şeýle-de türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň kemala gelmeginde ahalteke atlarynyň möhüm taryhy ornuna üns çekilip, olaryň dünýä atçylyk medeniýetine goşan goşandy barada gürrüň edildi. Bedewleriň çydamlylygy, ajaýyp gözelligi hem-de ýokary düşbüligi ýaly aýratynlyklary aýratyn bellenip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda ahalteke atlaryna bagyşlanan wideoşekil görkezildi. Onda türkmen bedewleriniň gözelligi, çeýeligi we ýyndamlygy täsirli görnüşde şöhlelendirildi.
Mekan AMANMÄDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler