2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster Hausda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, onuň dowamynda syýasy dialogy ösdürmegiň, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda “Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa” görnüşindäki ilkinji ministrler derejesindäki duşuşygy guramak başlangyjy üçin britan tarapyna hoşallyk bildirip, onuň sebitde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýan häzirki döwründe aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählumumy howplara garşy durnukly hem-de bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti ösdürmäge ymtylýandyklary bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Britaniýa bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.Ilkinji nobatda energetika we dekarbonlaşdyrmak, ýagny nebit-gaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de täzelenýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ýaly ugurlar görkezildi.
Şeýle hem Londonyň dünýä maliýe merkezleriniň biri hökmünde tejribesine esaslanyp maliýe we söwda tehnologiýalaryny ösdürmek, hukuk, maslahat beriş we audit hyzmatlaryny öz içine alýan hünär hyzmatlaryny giňeltmek, şeýle-de ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we sebitiň üstaşyr kuwwatyny ýokarlandyrmak möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Duşuşygyň jeminde ministr Türkmenistanyň täze formatyň çäklerinde hem-de ikitaraplaýyn derejede işjeň hem netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny, onuň anyk we özara peýdaly netijeleri gazanmaga gönükdiriljekdigini tassyklady.
Mundan başga-da, mejlisde sebit meseleleri we halkara gün tertibindäki beýleki möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi.
Ejegül BERDIÝEWA,
Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler