Oba hojalyk pudagy – milli ykdysadyýetiň möhüm ugry

Oba hojalyk pudagy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda hem-de ykdysady durnuklylygy berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri, giň ekin meýdanlary we zähmet serişdeleri bu pudagy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeler oba hojalyk önümçiliginiň möçberini artdyrmaga, onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de pudagyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Ekinçilikde we maldarçylykda häzirki zaman agrotehniki usullaryň, ýokary öndürijilikli tehnikalaryň we suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga niýetlenen tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy oňyn netijeleri berýär.

Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy we täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi içerki bazaryň ýerli önümler bilen durnukly üpjün edilmegine hem-de eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine şert döredýär. Şeýle-de bu çäreler oba ýerlerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär.

Netijede, oba hojalyk pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna, sosial ösüşiň üpjün edilmegine we azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine hyzmat edýär.

Kerkawgeldi BAGYBEKOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok