Jobs In Ashgabat — iş berijiler we iş gözleýänler üçin niýetlenen professional HR consulting we karýera hyzmatlary meýdançasy. Biz dogry iş bilen dogry dalaşgäri birleşdirýäris hem-de işe kabul etmekden başlap, işe ýerleşmäge çenli ähli tapgyrlarda goldaw berýäris.
Biziň maksadymyz
Biziň maksadymyz — iş gözleýänlere öz başarnyklaryna we tejribelerine laýyk iş tapmaga kömek etmek, iş berijilere bolsa ygtybarly, taýýarlykly we maksatly işgärleri tapyp bermekdir. Biz her iki tarapyň hem wagtyny tygşytlaýan we netijä gönükdirilen HR çözgütlerini hödürleýäris.
Hödürleýän hyzmatlarymyz
💼 Iş orunlary biržasy
Jobs In Ashgabat iş gözleýänler bilen iş berijileri birleşdirýän iş orunlary biržasyny hödürleýär.
- Iş orunlaryny hödürlemek hyzmaty
- Iş berijiler üçin işgär tapyp bermek
- Dürli ugurlar boýunça aktual iş mümkinçilikleri
🗣 Iş söhbetdeşligine taýýarlyk
Iş söhbetdeşligi dalaşgäriň üstünlik gazanmagynda möhüm tapgyrdyr. Biz dalaşgärlere söhbetdeşlige ynamly we taýýarlykly girmäge kömek edýäris.
- Ýüz tutulýan kärhananyň iş ugurlary barada maglumat bermek
- Dalaşgäriň özüne laýyk işi saýlamagyna ýardam bermek
- Özüňe bolan ynamy artdyrmak
📄 CV / Rezýume taýýarlamak
Iş beriji CV ýa-da rezýumede gerekli maglumatlary ýeňillik bilen görmek isleýär. Biz dalaşgäriň ähli başarnyklaryny doly we düşnükli görnüşde jemleýäris.
- Ýeňil, tertipli, maglumata baý rezýume taýýarlamak
- Dalaşgäriň ähli başarnyklaryny doly jemlemek
- Ýüz tutulýan pudaga görä maglumatlary sazlamak
🌍 Terjime hyzmatlary
Jobs In Ashgabat resmi we iş resminamalary üçin professional terjime hyzmatlaryny hem hödürleýär. CV/rezýume, iş hatlary we beýleki tekstler ýokary hilli terjime edilýär.
Näme üçin Jobs In Ashgabat?
- Iş berijiler we iş gözleýänler üçin bir platforma
- Professional HR consulting çemeleşmesi
- Şahsy we maksatly hyzmatlar
- Netijä gönükdirilen çözgütler
Habarlaşmak üçin
Hyzmatlarymyzdan peýdalanmak ýa-da giňişleýin maglumat almak isleseňiz, biziň bilen habarlaşyň:
✉️ jobsinashgabat@gmail.com
📞 +993 64 83 44 32
📞 +993 63 20 90 03
Teswirler