Oba hojalygynyň mehanizasiýasy durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biridir

Oba hojalygynyň mehanizasiýasy islendik ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de ykdysady ösüşi çaltlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Taryhy taýdan alanyňda, oba hojalyk önümçiliginde el zähmetine esaslanan usullardan döwrebap tehnikalara geçiş önümçiligiň hilini we möçberini düýpli ýokarlandyrdy. Häzirki döwürde mehanizasiýa diňe bir tehnikanyň köpelmegi däl-de, eýsem oba hojalygynyň dolandyrylyşynyň, meýilnamalaşdyrylyşynyň we önümçilik medeniýetiniň kämilleşmegidir.

Döwrebap traktorlar, ekiji we orujy kombaýnlar, suwaryş enjamlary hem-de hyzmat ediji tehnikalar ekin meýdanlarynda wagty tygşytlamaga, zähmet çykdajylaryny azaltmaga we has ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýär. Mehanizasiýanyň giňden ornaşdyrylmagy oba hojalygynda el güýjüne düşýän agyr fiziki agramy ep-esli ýeňilleşdirýär, şol bir wagtyň özünde ýaşlaryň bu ugra bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Oba hojalygynyň mehanizasiýasy diňe bir tehnikanyň satyn alynmagy bilen çäklenmeýär. Bu ugurda hyzmat ediji infrastruktura, tehnikanyň abatlaýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hünärmenleriň taýýarlanylmagy hem möhüm orun eýeleýär. Şonuň üçin hem oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak häzirki wagtda oba hojalygynyň durnukly ösüşini üpjün edýän esasy şertleriň biri hökmünde çykyş edýär.

Aýşat GURBANMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok