Hytaýyň başlangyç tehnologiýa taslamasy tarapyndan eýesi bilen uzak möhletleýin özara gatnaşyga we emosiýalara esaslanýan Prime şahsy robotlary tanyşdyrdy. Adaty senagat maksatly robotlardan tapawutlylykda, bu enjamlar uýgunlaşýan okuw ulgamyna eýe bolup, ulanyş döwründe emeli aňyň kämilleşmegine mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, robot bilen gatnaşygy diňe tehniki amal däl, döredijilikli we interaktiw proses derejesine çykarýar. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Prime Q1 modeli doly güýç dolandyryşy bolan dünýädäki iň kiçi humanoid (adama meňzeş robot) hökmünde hödürlenilýär. Robotyň aýratynlygy — onuň emeli aňynyň diňe bir hasaplamalar arkaly däl, eýsem hakyky dünýä bilen fiziki özara täsir arkaly öwrenýänligindedir. Modully gurluşy we daşky panellerini 3D-printerde çap etmek mümkinçiligi sebäpli, ulanyjylar enjamyň görnüşini öz isleglerine görä üýtgedip, üýtgeşik intellektual mazmun döredip bilerler.
Ikinji täze önüm bolan Prime T1 ýörite öý şertleri üçin işlenip düzüldi we dünýäde ilkinji sarp edijiler üçin niýetlenen görnüşini üýtgedýän robotdyr. Enjam hem tigirleri, hem-de dört aýagyny ulanyp, hereket ediş ugruny üýtgetmäge ukyplydyr. Bu bolsa robota merdiwanlar we dik ýapgytlar ýaly päsgelçilikleri netijeli geçmäge, şäher ýa-da öý gurşawynda erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär.
Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler