Cisco Secure Email Threat Defense — bu Cisco-nyň öňdebaryjy howp seljeriş tehnologiýalaryna esaslanýan, API arkaly işleýän we e-poçta howplaryna tiz jogap bermäge mümkinçilik berýän bulut esasly çözgütdir. Bu ulgam Microsoft 365 poçta gutularynda daşarky we içerki hat alyşmalary doly gözegçilikde saklamaga, howplary awtomatik ýa-da el bilen ýok etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de bolsa, sorag ýüze çykýar: e-poçtany goramak näme üçin zerur? E-poçta arkaly hüjüm howpy aşa ulaldylan dälmi? Bu mesele diňe uly býujetli iri korporasiýalar üçinmi? Hünärmenleriň bellemegine görä, bu howp ähli kärhanalar üçin hakyky we möhüm mesele bolup durýar.
Howplaryň häzirki ähmiýeti
Soňky onýyllykda, aýratyn-da COVID-19 pandemiýasyndan soň, köp sanly kärhana iş gurallaryny bulut ulgamlaryna geçirdi. Uzakdan işlemek zerurlygynyň artmagy bilen, e-poçta hem bulut gurşawyna geçirilýän esasy hyzmatlaryň birine öwrüldi. Bu geçiş öndürijiligi we hyzmatdaşlygy artdyrsa-da, täze howplary hem döredýär.
Bulut e-poçtasy ulanyjylary, enjamlary, maglumatlary we tutuş kärhanany kiberhüjümlere açyk edip biler. Kärhananyň ululygy bu howpuň derejesine täsir etmeýär. Kiçi kärhanalar gorag serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli, iri kärhanalar bolsa hüjümçiler üçin özüne çekiji nyşan bolandygy sebäpli howp astyndadyr.
Statistik maglumatlara görä, Gartner-iň 2020-nji ýyldaky e-poçta howpsuzlygy boýunça hasabatynda kompaniýalaryň 71 göterimi bulut ýa-da gibrid çözgütlerden peýdalanýar. Fundera maglumatlaryna görä bolsa, kiberhüjümleriň 43 göterimi kiçi we orta kärhanalara, 57 göterimi bolsa iri kärhanalara gönükdirilýär.
Hünärmenler e-poçtanyň kiberhüjümleriň esasy kanallarynyň biri bolup galýandygyny belleýärler. Aslynda, her bir e-poçta kärhana üçin potensial howp bolup biler. Şonuň üçin ygtybarly e-poçta goragy islendik kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň möhüm bölegi hasaplanýar.
Meseleler we çözgütler
Häzirki wagtda dürli messenjerleriň we wideoaragatnaşygyň giňden ulanylmagyna garamazdan, e-poçta kärhanalar üçin esasy aragatnaşyk serişdesi bolmagynda galýar. Statistik maglumatlara görä, kiberhüjümleriň 96 göteriminden gowragy hut e-poçta arkaly başlanýar.
Microsoft Office 365 dünýäde iň köp ulanylýan bulut e-poçta platformalarynyň biri bolup, aýda 200 milliondan gowrak ulanyjysy bar. Bu bolsa ony hüjümçiler üçin esasy nyşana öwürýär. Office 365 belli bir derejede goragy üpjün etse-de, içerki hat alyşmalara doly gözegçilik ýetmezçiligi sebäpli zyýanly programma üpjünçiligi ýa-da fişing hatlary uzak wagtlap kärhananyň içinde aýlanyp biler.
Gartner hünärmenleri şu sebäpli bulut e-poçtasyny goramak üçin goşmaça bulut esasly howpsuzlyk çözgütlerini maslahat berýärler. Bu çözgütler ICES (integrirlenen bulut e-poçta howpsuzlygy) diýlip atlandyrylýar. Gartner-iň çaklamasyna görä, Microsoft Office 365 ulanyjylarynyň takmynan 40 göterimi e-poçta howpsuzlygyny üçünji tarap çözgütleri bilen güýçlendirer.
Cisco Secure Email Threat Defense hut şu boşluklary doldurmagy maksat edinýär. Ol hatlaryň goşundylaryny, baglanyşyklary we mazmunyny seljerip, howplary ýerli we bulut gurşawynda awtomatik anyklap we ýok edip bilýär.
Haknazar HALJANOW,
“Döwletli Nesibe” HJ-niň direktory,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler
merkeziniň utgaşdyryjysy, IT bilermeni.
Teswirler