Milli medeniyeti ýaşlarda kemala getirmek

Milli medeniýet, halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary bilen baglanyşykly bolup, ýaş nesliň terbiýesinde möhüm orna eýedir. Türkmenistanyň geljegini döredýän ýaşlar, milli medeniyeti öwrenmek arkaly diňe bir öz geçmişini bilmän, eýsem, öz şahsyýetiň esaslaryny kemala getirýärler.

Milli medeniýeti ýaşlarda kemala getirmek üçin esasy usullar: bilim we okuw, taryhy we medeni çäreler, maşgala we jemgyýetçilik täsiri. Mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde milli medeni miras, sungat, edebiýat we halk döredijiligi boýunça dersleriň orny güýçlendirilýär. Sergiler, konsertler, teatr sahnalary, milli baýramçylyklar we çäreler ýaşlaryň milli ýörelgelere we sungata bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Ene-atalar, mugallymlar we jemgyýetçilik guramalary ýaşlaryň milli däpler bilen baglanyşygyny berkidýär.

Milli medeniýeti ýaşlarda kemala getirmek, olaryň watançylyk duýgusyny ösdürýär, milli garaýyşlaryny berkidýär we jemgyýetde netijeli we terbiýeli adamlaryň ösmegine ýol açýar. Bu bolsa, milli mirasyň hem-de ýurdumyzyň mukaddes gymmatlyklarynyň geljek nesillere ýetirilmegini üpjün edýär.

Netijede, ýaşlarda milli medeniýeti kemala getirmek diňe bir şahsy ösüş üçin däl, eýsem, döwlet we jemgyýet durmuşynda durnukly ösüşi üpjün edýän möhüm ugurdyr.

Gülnar BERKELIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok