Hytaý awtoulaglaryň we hojalyk tehnikalarynyň söwdasyny giňeldýär

Hytaý 2026-njy ýylda awtoulaglar we hojalyk tehnikalary boýunça söwdany işjeňleşdirmäge gönükdirilen umumymilli düzgünleri tassyklady. Bu çäreler içerki sarp edijiligi güýçlendirmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksadyny göz öňünde tutýar.

Hytaýyň Söwda ministrligi hem-de beýleki degişli edaralar awtoulaglaryň alyş-çalyş söwdalaryna döwlet goldawynyň berilmeginiň täze düzgünlerini çap etdiler. Öňki ýyl bilen deňeşdirilende, täze kadalara laýyklykda döwlet goldawyna mynasyp awtoulaglaryň hasaba alynýan möhleti has uzaldyldy. Şeýle-de köne awtoulaglary ulanyşdan çykaryp, olaryň ýerine täze ulag satyn almak boýunça berilýän goldawlar dowam etdirilýär. Täze düzgünlere görä, döwlet tarapyndan berilýän kömek ýurduň ähli sebitlerinde satyn alynýan täze awtoulagyň satuw bahasynyň belli bir göterimi görnüşinde tölenýär.

Bu syýasat awtoulag bazarynda eýýäm janlanma döretdi. Žeszian​ welaýatynyň Szinhuaý​ şäherinde alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde döwlet goldawy bilen amala aşyrylýan söwdalaryň möçberi ep-esli artdy. Ýerli ýaşaýjylaryň biri bu maksatnamanyň netijesinde 10 müňden 20 müň ýuana​ çenli tygşytlap bilendigini belledi.

Pudak hünärmenleriniň pikirine görä, 2026-njy ýyldaky iň möhüm üýtgeşiklik döwlet goldawynyň kesgitlenen pul möçberinden göterim esasyna geçirilmegidir. “Awtoulagyň bahasy näçe ýokary bolsa, berilýän döwlet goldawy hem şonça köp bolar” diýip, Ýunnan​ welaýatyndaky awtoulag satuw kompaniýasynyň satuw boýunça direktory Çen Şaokun​ aýtdy.

Alyş-çalyş maksatnamasy diňe bir awtoulaglar bilen çäklenmän, hojalyk tehnikalaryny hem öz içine alýar. Szýansi​ welaýatynyň Ganzhou​ şäherinde sowadyjylar, kir ýuwujy maşynlar we telewizorlar boýunça döwlet tarapyndan berilýän kömegiň ýokarlanmagy satuwlaryň ep-esli artmagyna getirdi.

Söwda nokatlarynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap döwlet goldaw çäreleriniň täzeden güýje girmegi bilen käbir dükanlaryň gündelik söwda dolanyşygy 100 müňden 200 müň ýuana​ çenli artdy.

Tawus EÝEBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok