Samsung enjamlarynyň bahalary ýokarlanar

Dünýäde mikroshemalaryň​ iň iri öndürijileriniň biri bolan Samsung​ Electronics​ kompaniýasy sarp edijiler üçin niýetlenen enjamlarynyň bahalarynyň ýakyn wagtda ýokarlanmagyna garaşylýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Munuň esasy sebäbi ýarymgeçiriji​ bölekleriň we operatiw ýadyň bahalarynyň çalt depginde gymmatlamagydyr​.

Counterpoint​ Research​ tarapyndan berlen çaklamalara görä, ýat modullarynyň bahasy 2026-njy ýylyň ortalaryna çenli ýene-de 50 göterim ýokarlanyp biler. Bu ýagdaý täze tehnologiýalaryň ýetmezçiligi hem-de bazardaky ýokary isleg bilen baglydyr. Samsung​ kompaniýasynyň global marketing boýunça prezidenti Won​ Çžin​ Li kompaniýanyň öňki döwürlerde öz önümçiligindäki komponentleri ulanmak arkaly bahalaryň ýokarlanmagyny saklap gelendigini aýtdy. Emma häzirki wagtda ýarymgeçiriji​ bazarynyň ýagdaýy örän çylşyrymly bolup, bahalara täzeden garamak zerur bolup durýar.

Bahalaryň ýokarlanmagy elektronika önümleriniň diýen ýaly ähli görnüşlerine — býujet enjamlaryndan başlap, flagman derejeli smartfonlara çenli täsir eder. Şeýle-de bolsa, kompaniýa oňyn garaýşyny saklaýar. Samsung​-yň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, emeli aň funksiýalaryna bolan ulanyjy gyzyklanmasy enjamlaryň täzelenmeginde esasy itergi beriji faktor bolar. Ulanyjylar has döwrebap tehnologiýalara we ýokary öndürijilige eýe bolmak üçin goşmaça çykdajy etmäge taýýardyrlar.

Bu bolsa ýakyn wagtlarda elektronika bazarynda bahalaryň üýtgejekdigine yşarat edýär hem-de sarp edijilere öňünden meýilnama düzmäge mümkinçilik döredýär. Eger siz täze smartfon ýa-da noutbuk satyn almakçy bolsaňyz, dükanlardaky bahalar täze çykdajylara laýyklykda täzelenmezden ozal, satyn almagy göz öňünde tutmak maksadalaýyk bolar.


Laçyn GEDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek

kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok