Ýaponiýanyň NEC korporasiýasy 4G we 5G esas stansiýalarynyň işlenmesini togtadýar

Ýaponiýanyň NEC korporasiýasy 4G we 5G torlary üçin täze esas stansiýalary döretmek işini resmi taýdan togtadandygyny habar berdi. Kompaniýa hytaýly hem-de ýewropaly iri öndürijiler bilen bäsleşmegiň mümkin däldigini boýun aldy, sebäbi olar häzirki wagtda dünýä bazarynyň takmynan 80 göterimini eýeleýärler. Şeýle-de NEC öňden satylan enjamlara tehniki goldaw bermegi dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Bu ugurdan ýüz öwürmegiň esasy sebäbi telekommunikasiýa pudagynda dowam eden maliýe ýitgileri boldy. Huawei, Ericsson we Nokia ýaly ägirtleriň bazardaky agalygy ýapon öndürijilerine diňe 2 göterimden hem az paý galdyrdy. Mundan başga-da, Ýaponiýanyň iri aragatnaşyk operatorlary, şol sanda NTT Docomo, ýerli enjamlardan däl-de, daşary ýurt öndürijileriniň çözgütlerinden peýdalanmagy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrdy.

Geljekde NEC esasy ünsüni programma üpjünçilikleriniň işlenip taýýarlanylmagyna we goranyş ulgamlar üçin ýöriteleşdirilen aragatnaşyk çözgütlerine gönükdirmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de kompaniýa indiki nesil — 6G aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça ylmy-barlag işlerine maýa goýmagy maksat edinýär. Şeýlelikde, NEC telekommunikasiýa bazaryndan doly çykman, has girdejili we geljekli ugurlara geçmegi göz öňünde tutýar.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok