Täjigistanda Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çärä Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary, ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekileri we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Ilçihananyň işgärleri Täjigistandaky türkmen jemgyýetiniň wekili A.Bekmyradow, Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň professory H.Umarow, M.S.Osimi adyndaky Täjigistanyň Tehniki uniwersitetiniň tehniki kollejiniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary Z.Häkimow, Rus-täjik slawýan uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby M.Atajanowa we başgalar çykyş etdiler.

Çärede çykyş edenler, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen döwlet Baştutanymyzyň kitabynda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary giňden beýan edilýändigi hem-de Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman diplomatiýasyny täze döwrüň şertlerine laýyklykda türkmen halkynyň taryhy mirasynyň dowamaty hökmünde häsiýetlendirip boljakdygy barada bellediler.

Zubeýda GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok