“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabaraly maslahat geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabaraly çäre geçirildi. Dabara döwlet ýolbaşçylary, diplomatik gullugyň wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de jemgyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän raýatlar hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Parahatçylyksöýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy sütünlerini düzýär. Ýurdumyz halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny saklap, dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolanyna 30 ýyl dolan döwründe ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm Kararnamalar kabul edildi. Bitaraplygyň üç gezek degişli Kararnamalar arkaly ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň belentligini hem-de alyp barýan syýasy ugrunyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelýän ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu waka Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikleriniň nyşany bolup, dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we dialog ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilen taryhy ädim hökmünde baha berilýär. Şu gezekki dabara hem şanly ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleri seljermäge, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýän wakalaryň ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirildi.

Dabaranyň jeminde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, çärede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmuny, bitaraplyk ýörelgeleriniň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ähmiýeti barada manyly çykyşlaryň diňlenilendigini belledi. Onuň nygtamagyna görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen bu ýyl möhüm taryhy senelere beslenen ýubileý ýyl hökmünde aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Şol ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dünýä derejesinde giňden bellenilip geçildi.

Netijede, dabaraly çäre Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk baradaky başlangyçlarynyň has-da dabaralanýandygyny görkezdi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dowamynda gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu ýylda ýetilen ýokary sepgitler milli diplomatiýanyň ösüşinde täze tapgyr bolup, Bitarap Watanymyzyň dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde eýeleýän ornuny has-da berkitdi.

Döwran NOWRUZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap
Geňeşiniň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok