Maglumat ykdysadyýeti dolandyrmagyň strategik mümkinçiligidir

Sanly ykdysadyýetiň düýp manysy maglumatlary ykdysady gymmata öwürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda maglumat diňe bir serişde hökmünde däl, eýsem ol strategik mümkinçilikdir. Onuň dogry dolandyrylmagy we peýdalanylmagy ykdysady ösüşiň täze çeşmelerini açýar.

Sanly tehnologiýalar arkaly maglumatlary toplamak, seljermek we peýdalanmak önümçiligiň meýilleşdirilmegini üpjün edýär. Kärhanalar bazar isleglerini öňünden çaklap, öz işini şol ugra gönükdirip bilýär. Bu bolsa çykdajylaryň azalmagyna we girdejiniň artmagyna getirýär.

Bu ulgamyň jemgyýetiň gündelik durmuşyna hem täsiri bardyr. Onlaýn tölegler, sanly bank hyzmatlary, elektron döwlet hyzmatlary ilatyň wagtyny tygşytlap, ykdysady gatnaşyklaryň has elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, sanly çözgütler diňe bir işewürlik üçin däl, eýsem her bir raýat üçin amatly şertleri döredýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösüşi bilime, innowasiýa we sanly başarnyklara daýanýar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde sanly düşünjeli hünärmenleri taýýarlamak ykdysady ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Bu ýol bilen sanly ykdysadyýet jemgyýetiň ösüşinde täze many we täze mazmun gazanýar.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok