Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uly ruhubelentlikde we dabaraly ýagdaýda bellenildi. Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bu senäniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Foruma gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly wekiliýetleriň gatnaşmagynda «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynyň dabaraly açylyşy boldy, şeýle hem Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdanda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Mundan başga-da, Söwda-senagat edarasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň möçberli sergi guraldy. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň halkara giňişligindäki möhüm ornuny aýdyň subut etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen üç sany Kararnama bilen berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir daşary syýasatdaky aýratyn ýagdaý bolman, eýsem, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň we jemgyýetçilik durnuklylygynyň möhüm sütüni bolup durýar. Halkara derejesinde ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dürli döwletler bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi wagyz edýän, dünýä halklaryny ynanyşmaga çagyrýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň nyşany bolan «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasy döwletimiziň oňyn daşary syýasatynyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Bu täsin bina bitaraplyk ýörelgeleri ýaly, özara düşünişmegi, ynanyşmagy, jebisligi we raýdaşlygy alamatlandyrýar. Ol ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen işjeň daşary syýasatynyň bütin dünýä üçin ähmiýetini açyp görkezýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesine bagyşlanyp Söwda-senagat edarasynda guralan serginiň ähmiýeti hem aýratyn bellärliklidir. Sergide milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan ösüşler giňden görkezildi. Halkara çäreleri beýan edýän fotosuratlar, BMG hem-de beýleki halkara guramalar bilen amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň dialog we hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny aýdyň şöhlelendirdi.
Ogulsenem ANNABERDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler