Türkmenistan–KHDR: parlamentara hyzmatdaşlyk maslahat edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Sin Hon Çhol bilen duşuşyk geçirildi. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirip, bu şanly senä bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli Halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Taraplar parlament diplomatiýasynyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun tutýandygyny, şeýle hem ikitaraplaýyn parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň iki tarap üçin hem peýdaly boljakdygy bellenildi. Şeýle-de taraplar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklary beýan edildi.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok