14-nji dekabrda Türkmenistan Tähranda geçirilen Owganystan boýunça ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Bu duşuşyga Owganystana goňşy ýurtlaryň we sebit hyzmatdaşlarynyň, şol sanda Eýranyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýörite wekilleri gatnaşdy. Bu bolsa Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy üçin utgaşykly sebit çemeleşmesiniň möhümdigini nygtaýar.
Duşuşygyň dowamynda goňşy döwletleriň Owganystanda uzak möhletleýin durnuklylygyň saklanylmagyna goşant goşmak boýunça gatnaşyklaryny dowam etdirmelidigi nygtaldy.
Duşuşykda gatnaşyjylar Owganystan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamagyň we giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Bu çemeleşme Türkmenistanyň garaýşyna laýyk gelýär, sebäbi Türkmenistanyň ykdysady ösüşi owgan halkynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň we sebit integrasiýasynyň açary hasaplaýar.
Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň çäklerinde Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer kömek bermegi yzygiderli goldaýar we ýurduň abadançylygyna ýardam berýän infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge kömek etmäge taýýar.
Duşuşykda serhetara meseleleri parahatçylykly ýollar bilen, diplomatik mehanizmler arkaly çözmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle hem taraplar indiki ýylyň mart aýynda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda ýörite wekilleriň ikinji duşuşygyny geçirmäge taýýarlygyny gutladylar.
Bu duşuşyklar goňşy ýurtlaryň Owganystanda syýasy durnuklylygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin uzak möhletleýin sebit gurluşyny döretmäge gönükdirilen parahatçylykly strategiýasyny görkezýär.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler