2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze gurlan goşmaça okuw binasynyň eýwanynda Täze ýyl baýramyna bagyşlanan “Hoş geldiň, Täze ýyl, täze umytlar bilen!” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.
Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar 2025-nji ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri we täze ýyly mynasyp garşy almak baradaky arzuw-niýetleri bilen paýlaşdylar. Şeýle hem çykyşlarda ýaşlaryň okuwda, ylymda we jemgyýetçilik işlerinde görkezen üstünlikleri aýratyn nygtaldy.
Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe edebi-çeper çykyşlara, aýdymdyr tanslara tomaşa edildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler