Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak döwletleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik proseslerini kämilleşdirmek we jemgyýetiň durmuş derejesini täze derejä çykarmak üçin möhüm şert bolup durýar.
Sanly ykdysadyýet ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna täsir edip, dolandyryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Elektron hyzmatlaryň giňeldilmegi, maglumat alyş-çalşygynyň tizleşdirilmegi we sanly platformalaryň döredilmegi döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we ilatyň arasynda amatly hyzmatdaşlyk gurşawyny döredýär. Bu ýagdaý ykdysady prosesleriň aç-açanlygyny üpjün edýär hem-de işewürlik üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Sanly ulgamlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň artmagyna, çykdajylaryň azalmagyna we haryt-hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Sanly çözgütler arkaly maglumatlary seljermek, meýilnamalary takyk düzmek we bazar şertlerine çalt uýgunlaşmak mümkin bolýar. Bu bolsa ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir.
Bilim, ylym, saglygy goraýyş we maliýe ulgamlarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy jemgyýetiň intellektual kuwwatynyň artmagyna itergi berýär. Sanly bilim mümkinçilikleri ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna şert döredýär, sanly maliýe hyzmatlary bolsa ykdysady gatnaşyklaryň giň gerimde ösdürilmegine mümkinçilik berýär.
Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde hem möhüm orun eýeleýär. Döwrebap tehnologiýalara esaslanýan ykdysady ulgam daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, halkara bazarlara çykmaga we ýurtlaryň arasynda innowasion hyzmatdaşlygy ösdürmäge amatly şertleri döredýär.
Ilmyrat DÖWLETMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler