2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda ABŞ Prezidenti Donald Trump-yň gol çeken täze karary bilen Türkmenistan bilen bagly wiza düzgünlerine möhüm üýtgeşmeler girizildi.
Resmi çeşmelere görä, soňky ýyllarda Türkmenistan ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, şahsyýeti kesgitlemek we maglumat alyşmak ugurlarynda möhüm öňegidişlik gazandy. Munuň netijesinde, türkmen raýatlaryna ozal girizilen käbir çäklendirmeler doly aradan aýryldy.
Täze düzgünler esasynda:
- Gysga möhletli iş saparlary we syýahatlar (B-1, B-2, B-1/B-2)
- Okuw maksatlary (F, M)
- Alyş-çalyş programmalary (J)
…üçin wiza almak üçin hiç hili päsgelçilik ýok.
Şeýle-de bolsa, hemişelik ýaşaýyş maksatly immigrasiýa wizalary boýunça çäklendirmeler wagtlaýyn saklanyp galýar.
ABŞ tarapynyň aýtmagyna görä, Türkmenistan hyzmatdaşlygyny dowam etdirse, bu ýeňillikler geljekde has giňeldilip bilner. Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Bu karar bilim almak, halkara alyş-çalyş programmalaryna gatnaşmak we ABŞ-a gysga möhletli sapar etmek isleýän türkmen raýatlary üçin uly mümkinçilik döredýär.
Teswirler