Wirtual aktiwler hakynda Türkmenistanyň Kanuny

Şu Kanun Türkmenistanda wirtual aktiwleriň döredilmegi, goýberilmegi, saklanylmagy, ýerleşdirilmegi, ulanylmagy we dolanyşygy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de olaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

1. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:

1) blokçeýn — ähli maglumatlaryň yzygiderlilikde ýazylan we bloklarda paýlanan, şunda her bir täze blok öňki blok bilen kriptografiki gol arkaly baglanyşdyrylan paýlanan reýestr tehnologiýasynyň görnüşi;

2) gizlin maýning — ýörite programma üpjünçiligi arkaly, üçünji taraplaryň hasaplaýyş kuwwatlyklarynda olaryň habary ýa-da rugsady bolmazdan maýningi amala aşyrmak boýunça iş;

3) hususy maýning — ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs-hususy telekeçi (mundan beýläk — hususy telekeçi) tarapyndan amala aşyrylýan maýning;

4) maýner — maýningi amala aşyrýan ýuridik şahs ýa-da hususy telekeçi;

5) maýning — üznüksiz elektrik üpjünçiligi talap edýän, ulanyjylaryň arasynda ýerine ýetirilýän amallar barada maglumaty paýlanan reýestre (öňünden kesgitlenen düzgünlere we ýörelgelere laýyklykda) girizmek bilen, tranzaksiýa bloklarynyň (blokçeýn) reýestriniň işlemegini üpjün edýän programma-tehniki serişdeleri ulanmak arkaly hasaplaýyş amallaryny ýerine ýetirmek babatda iş. Maýning paýlanan reýestrde ýerine ýetiren amallary tassyklandygy üçin sylag hökmünde maýningi amala aşyrýan şahsyň eýeçiligine gelip düşýän wirtual aktiwiň döredilmegi bilen ugurdaşlykda bolup biler;

6) maýning enjamlary — maýningi amala aşyrmaga mümkinçilik berýän apparat-programma serişdeleri;

7) maýning-pul — maýnerleriň maýning kuwwatyny birikdirmek (birleşdirmek) we maýningi guramak üçin döredilen elektron platforma;

8) özara çalşylmaýan token (NFT) — paýlanan reýestrde (blokçeýnde) ýazgy görnüşinde bolan, meňzeşligi bolmadyk we özara çalşylmaýan sanly emlägiň özboluşly obýekti;

9) paýlanan reýestr maglumatlary — bir ýa-da birnäçe tor düwünleriň we (ýa-da) hasaplaýyş enjamlarynyň arasynda paýlanan, birek-birege garaşsyz ýagdaýda reýestr täzelenmelerini düzmek we ýazmak arkaly, ulgamyň goldawyny we maglumat bitewüligini üpjün edýän, paýlanan reýestr tehnologiýasy esasynda döredilen maglumatlar binýady;

10) paýlanan reýestr tehnologiýasy — kriptografiki serişdeleriň ulanylmagy arkaly şifrlenen maglumatlaryň paýlanan görnüşde saklanmagyny üpjün edýän tehnologiýa;

11) sanly token — emläk we (ýa-da) emläkleýin däl hukuklary, şol sanda raýat hukuklarynyň beýleki obýektlerine talap hukuklaryny tassyklaýan serişdesi bolup durýan wirtual aktiwiň görnüşi;

12) senagat maýningi — ýuridik şahs tarapyndan amala aşyrylýan maýning;

13) smart-şertnama — degişli şertnama bilen berk kesgitlenen yzygiderlilikde we belli bir ýagdaýlar ýüze çykanda blokçeýnde amallaryň ýerine ýetirilmegi arkaly amala aşyrylýan hukuklaryň we borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin sanly görnüşdäki şertnama;

14) wirtual aktiw — pul birligi (pul), töleg serişdesi we gymmatly kagyz bolup durmaýan, paýlanan reýestr tehnologiýasyny ýa-da şoňa meňzeş tehnologiýany ulanmak arkaly döredilýän, saklanylýan we dolandyrylýan, bahasy bolan, gymmatlygyň sanly aňlatmasy bolan we (ýa-da) emläk we (ýa-da) emläkleýin däl hukuklary tassyklaýan serişde bolan elektron-sanly görnüşdäki maglumatlar toplumy;

15) wirtual aktiw gapjygy — wirtual aktiwi saklamak we geçirmek üçin serişde (programma üpjünçiligi ýa-da başga bir elektron-sanly mehanizm/göteriji);

16) wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji — Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ygtyýarly edara tarapyndan berlen ygtyýarnama esasynda telekeçilik işi hökmünde wirtual aktiwler bilen baglanyşykly bir ýa-da birnäçe hyzmatlary ýerine ýetirýän, Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan ýuridik şahs;

17) wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operator — wirtual aktiwleri satyn almak-satmak we (ýa-da) alyş-çalşygy we öz adyndan wirtual aktiwleriň arasynda alyş-çalyş hyzmatlaryny ýerine ýetirýän wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji;

18) wirtual aktiwleriň emitenti (mundan beýläk — emitent) — wirtual aktiwleri goýberýän ýuridik şahs ýa-da hususy telekeçi;

19) wirtual aktiwleriň ilkinji ýerleşdirilmegi — serişdeleri çekmek maksady bilen täze çykarylan wirtual aktiwleriň ýaýradylmagy ýa-da paýlanylmagy;

20) wirtual aktiwleriň söwdasyny alyp barýan operator (kriptobirža) — wirtual aktiwleriň geleşiklerini amala aşyrmak üçin elektron meýdança bilen üpjün edýän we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam berýän wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji.

2. Şu maddada kesgitlenilmedik we şu Kanunda ulanylýan beýleki düşünjeler Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen manyda ulanylýar.

2-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

1. Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde wirtual aktiwler çygryndaky işlere degişlidir.

2. Şu Kanun aşakda görkezilenlere degişli däldir:

1) gymmat bahaly kagyzlar we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gymmat bahaly kagyzlar diýlip kesgitlenilen beýleki maliýe gurallara;

2) Türkmenistanyň bank kanunçylygy bilen kesgitlenilýän pullara, elektron pul serişdelerine, ätiýaçlyklara, goýumlara (depozitlere);

3) humarly oýunlara.

3-nji madda. Wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we wirtual aktiwler bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

4-nji madda. Wirtual aktiwleriň hukuk ýagdaýy

1. Wirtual aktiw raýat hukuklarynyň özbaşdak obýekti, şeýle hem emläk we (ýa-da) emläkleýin däl hukuklary, şol sanda raýat hukuklarynyň beýleki obýektlerine talap hukuklaryny tassyklaýan serişdesi bolup biler.

2. Wirtual aktiwler Türkmenistanyň çäginde töleg serişdesi, pul birligi we (ýa-da) gymmatly kagyz bolup durmaýar.

3. Wirtual aktiwler üpjün edilen ýa-da üpjün edilmedik bolup bilerler.

4. Üpjün edilen wirtual aktiwlere emläk we (ýa-da) emläkleýin däl hukuklary tassyklaýan sanly serişdesi bolan sanly tokenler, şol sanda üpjün edilen emitenti tarapyndan berlen raýat hukuklarynyň beýleki obýektlerine talap hukuklary, şeýle hem raýat hukugynyň beýleki obýektleri tarapyndan üpjün edilen gaýry wirtual aktiwler degişlidir.

Üpjün edilen wirtual aktiwleriň görnüşleri, şeýle hem şonuň ýaly wirtual aktiwler tarapyndan tassyklanylýan hukuklaryň sanawy, wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda emitent tarapyndan bellenilýär.

Wirtual aktiwleriň üpjünçilik ukyplylygynyň, hasaplamalarynyň we gyssagly satyn alynmagynyň iň az şertleri ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

Wirtual aktiwiň üpjün edilmegi girew üpjünçiligi we (ýa-da) girew boýunça borçnama bolup durmaýar.

Blokçeýn tokenler görnüşinde çykarylan hakyky aktiwleriň sanly şekillendirilmegi tokenizirlenen aktiwleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Tokenizirlemek fiziki we wirtual aktiwlere sanly görnüşde eýeçilik etmek hukugyny berýär.

Özara çalşylmaýan token (NFT) sanly ýa-da fiziki obýekte bolan hukugy tassyklap, hakykylygyny, eýeçiligini we özboluşlylygyny delillendirmek üçin ulanylyp bilner.

5. Üpjün edilmedik wirtual aktiwlere şeýle wirtual aktiwleriň eýesiniň her biriniň öňünde jogapkärçilik çekýän şahsyň (şahslaryň) bolmazlygy bilen bagly wirtual aktiwler degişlidir.

Üpjün edilmedik wirtual aktiwler hukuklary tassyklamaýar, haýsydyr bir hukuklar we borçnamalar, şeýle hem raýat hukugynyň beýleki obýektleri bilen üpjün edilmedikdir.

5-nji madda. Wirtual aktiwleriň dolanyşygynyň aýratynlyklary

1. Eger bu Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, wirtual aktiwlere bolan hukuklary edinmek we geçirmek boýunça şertler smart-şertnamalara, paýlanan reýestr tehnologiýasynyň we (ýa-da) şuňa meňzeş tehnologiýanyň öňden goýlan algoritmlerine we wezipelerine laýyklykda, olaryň döredilmeginiň, saklanylmagynyň we dolandyrylmagynyň çäklerinde beýan edilip bilner.

2. Üpjün edilen wirtual aktiwleriň dolanyşygyna raýat hukuklarynyň obýektleriniň dolanyşygynda ulanylýan ähli çäklendirmeler degişlidir.

3. Wirtual aktiw gozgamasyz edilen ýa-da raýat dolanyşygyndan çykarylan raýat hukuklarynyň obýekti bilen üpjün edilen ýagdaýynda, şeýle wirtual aktiwi aýrybaşgalamaga ýol berilmeýär we aýrybaşgalamak barada baglaşylan islendik ylalaşyk hakyky däldir.

II BAP. WIRTUAL AKTIWLER ÇYGRYNDA IŞIŇ DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

6-njy madda. Wirtual aktiwler çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

Wirtual aktiwler çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr:

1) wirtual aktiwler çygrynda gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi;

2) wirtual aktiwler çygrynyň ösdürilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi;

3) wirtual aktiwleriň dolanyşygy çygrynda paýlanan reýestr tehnologiýasynyň, şol sanda blokçeýn, smart-şertnamalar we şuňa meňzeş beýleki tehnologiýalary ulanmak arkaly dürli subýektler bilen häzirki zaman özara gatnaşyklaryň görnüşleriniň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy;

4) wirtual aktiwler çygrynda döwlet düzgünleşdirmesiniň aýdyňlygynyň üpjün edilmegi;

5) wirtual aktiwler çygrynda ähli gatnaşyjylaryň deňliginiň, şeýle hem hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagynyň ählitaraplaýyn netijeli usullarynyň üpjün edilmegi;

6) wirtual aktiwler çygrynda ynsapsyz bäsdeşlikden goraglylygyň üpjün edilmegi;

7) wirtual aktiwler çygrynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy;

8) paýlanan reýestr tehnologiýasyny, blokçeýni we beýleki şuňa meňzeş innowasion tehnologiýalary dürli pudaklarda ornaşdyrmak hem-de olaryň ornaşdyrylmagy we ulanylmagy netijesinde ýüze çykýan gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmeginiň öwrenilmegi we barlaglaryň geçirilmegi;

9) wirtual aktiwler çygrynda talabalaýyk gözegçilik usullarynyň ornaşdyrylmagy we ulanylmagy;

10) wirtual aktiwler çygrynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy.

7-nji madda. Wirtual aktiwler çygrynda işiň döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy ýörelgeleri

1. Wirtual aktiwler çygrynda işiň döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy ýörelgeleri şulardyr:

1) maksadalaýyklyk — tehnologiki ösüşi üpjün etmek, töwekgelçilikleriň öňüni almak we azaltmak maksady bilen, wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmegiň esaslandyrylan zerurlygy;

2) barabarlyk — ähli kabul ederlikli alternatiwalary göz öňünde tutup, wirtual aktiwleriň dolanyşygynyň töwekgelçilikleriniň, görnüşleriniň we düzgünleşdirmegiň derejesiniň deňölçegliligi;

3) deňagramlylyk — kadalaşdyryş işi babatda wirtual aktiwleriň dolanyşygyna gatnaşyjylaryň bähbitleriniň deňagramlylygynyň üpjün edilmegi;

4) öňdengörüjilik — wirtual aktiwleriň dolanyşygyna gatnaşyjylaryň öz işlerini meýilleşdirmäge mümkinçilik berýän, şol sanda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamagyň meýilnamalarynyň düzgünleşdirilmeginiň yzygiderliligi;

5) ekologiýa howpsuzlygy — wirtual aktiwler çygrynda işiň ekologiýa taýdan arassa, howpsuz we az howply tehnologiýalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen daşky gurşawy goramagyň talaplarynyň berjaý edilmegi.

2. Şu maddanyň birinji böleginde beýan edilen ýörelgeler wirtual aktiwler çygrynda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň esasyny düzýär.

8-nji madda. Wirtual aktiwler çygrynda düzgünleşdirilýän işiň görnüşleri

Şu aşakdaky işiň görnüşleri wirtual aktiwler çygrynda düzgünleşdirilýän işler diýlip ykrar edilýär:

1) maýning;

2) wirtual aktiwleriň emissiýasy (goýberilmegi) we ilkinji ýerleşdirilmegi;

3) wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň işi.

9-njy madda. Wirtual aktiwler çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Merkezi banky (mundan beýläk — ygtyýarly edara), Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde wirtual aktiwler çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

10-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti wirtual aktiwler çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) şulary tassyklaýar:

a) wirtual aktiwleriň emissiýasyny, ilkinji ýerleşdirilmegini we dolanyşygyny guramagyň we amala aşyrmagyň tertibini;

b) wirtual aktiwleriň döwlet tarapyndan satyn alnyşynyň düzgünlerini;

ç) maýnerleri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini;

d) wirtual aktiwleriň söwdasyny alyp barýan operatoryň (kriptobiržanyň) döredilmeginiň, işiniň alnyp barylmagynyň we hasabatlylygynyň tertibini;

3) şulary belleýär:

a) Türkmenistanda daşary ýurtly emitentler tarapyndan wirtual aktiwleriň goýberilmeginiň şertlerini;

b) wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet belligine alynmagy üçin döwlet pajynyň möçberini, ony almagyň we tölemegiň tertibini;

ç) wirtual aktiwleriň emissiýasynyň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini;

d) wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatoryň işini alyp barmagyň we wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatorlaryň sanawyny ýöretmegiň tertibini;

4) maýa goýujylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýär;

5) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

11-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

1. Ygtyýarly edara wirtual aktiwler çygrynda:

1) wirtual aktiwler bazarynyň ösdürilmeginiň we onuň hereket etmeginiň döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek çygrynda paýlanan reýestr tehnologiýasyny ornaşdyrmak we ösdürmek babatda döwlet maksatnamalaryny we beýleki maksatnamalary işläp taýýarlaýar, şeýle hem olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär;

3) wirtual aktiwler bazarynyň ösdürilmeginiň we hereket etmeginiň meseleleri boýunça döwlet edaralary, halkara institutlar we guramalar bilen özara hereketleri we utgaşdyrmagy amala aşyrýar;

4) wirtual aktiwler çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyny amala aşyrýar;

5) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär we öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde tassyklaýar;

6) maýnerleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny we bellige alnandygy barada şahadatnamanyň berilmegini amala aşyrýar;

7) wirtual aktiwler çygryny ösdürmegiň zerurlygyny göz öňünde tutup, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny amala aşyrýar;

8) wirtual aktiwleriň dolanyşygynyň netijeliliginiň monitoringini we baha berlişini amala aşyrýar;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň wirtual aktiwler babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, wirtual aktiwler çygryndaky işleri düzgünleşdirýär we gözegçiligi amala aşyrýar;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary berýär;

11) wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar;

12) wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatorlaryň sanawyny ýöredýär we olaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar;

13) wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler babatda täsir ediş çärelerini ulanýar;

14) wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň işine şu Kanunda göz öňünde tutulan talaplary belleýär;

15) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri we ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Ygtyýarly edara wirtual aktiwler çygrynda işleriň aşakdaky görnüşleriniň düzgünleşdirilmegini we gözegçiligini amala aşyrýar:

1) maýning;

2) Türkmenistanyň çäginde wirtual aktiwleriň emissiýasynyň amala aşyrylmagy, ilkinji ýerleşdirilmegi we dolanyşygy bilen baglanyşykly iş;

3) kriptobiržalaryň we beýleki wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň işi.

12-nji madda. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ygtyýarlylygy

1. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi wirtual aktiwler çygrynda:

1) wirtual aktiwler bazarynyň ösdürilmeginiň we onuň hereket etmeginiň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

2) wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek çygrynda paýlanan reýestr tehnologiýasyny ornaşdyrmak we ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny we beýleki maksatnamalary işläp taýýarlaýar, olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

4) döwlet ösüş maksatnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegini amala aşyrýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

2. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi wirtual aktiwler çygrynda:

1) wirtual aktiwler bazarynyň ösdürilmeginiň we onuň hereket etmeginiň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

2) wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek çygrynda paýlanan reýestr tehnologiýasyny ornaşdyrmak we ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny we beýleki maksatnamalary işläp taýýarlaýar, olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär;

3) wirtual aktiwler çygrynda iş alyp barýan şahslara Internet toruna elýeterliligi üpjün edýär;

4) wirtual aktiwler çygrynda iş alyp barýan şahslary daşky goragly Internet tory bilen üpjün etmegi amala aşyrýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

3. Türkmenistanyň Energetika ministrligi wirtual aktiwler çygrynda:

1) wirtual aktiwler bazarynyň ösdürilmeginiň we onuň hereket etmeginiň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

2) wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek çygrynda paýlanan reýestr tehnologiýasyny ornaşdyrmak we ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny we beýleki maksatnamalary işläp taýýarlaýar, olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär;

3) wirtual aktiwler çygrynda iş alyp barýan maýnerlere, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijilere, şol sanda kriptobiržalara elektrik energiýasyny bermegiň düzgünlerini hem-de nyrhlary bellemegiň tertibini kesgitleýär;

4) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

5) gurluşlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşynda, gurluşygynda we ulanylyşynda elektrik üpjünçiligine gözegçiligi amala aşyrýar;

6) ýuridik we fiziki şahslara gurluşlary energiýa ulgamyna birikdirmek bilen bagly rugsatnamalary hereket edýän kadalara laýyklykda berýär;

7) gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan meýdançalary kesgitleýär;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

13-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň ygtyýarlylygy 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary wirtual aktiwler çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmeklige gatnaşýarlar;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarly edara bilen ylalaşyp, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;

3) wirtual aktiwleriň dolanyşygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça ygtyýarly edara we wirtual aktiwleriň dolanyşygyny üpjün etmegi amala aşyrýan degişli edaralar bilen özara hereket edýärler;

4) guralýan çärelere gatnaşýarlar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

14-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary wirtual aktiwler çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;

2) garamagyndaky çäkde wirtual aktiwleriň dolanyşygynyň üpjün edilmegine ýardam edýärler;

3) ygtyýarly edara we wirtual aktiwleriň dolanyşygyny üpjün etmegi amala aşyrýan degişli edaralar bilen özara hereket edýärler;

4) garamagyndaky çäkde wirtual aktiwler çygryndaky işi amala aşyrýan şahslara goldaw berýärler;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

15-nji madda. Wirtual aktiwler çygrynda ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklary we borçlary

1. Ýuridik we fiziki şahslar wirtual aktiwler çygrynda şu aşakdakylara hukuklydyrlar:

1) wirtual aktiwlere eýelik etmäge, peýdalanmaga we ygtyýarlyk etmäge, şol sanda wirtual aktiwleri beýleki görnüşdäki wirtual aktiwler bilen çalyşmaga, şeýle hem wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde wirtual aktiwleri satyn almaga ýa-da satmaga;

2) wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maýningi amala aşyrmaga;

3) wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde wirtual aktiwleri ulanmak arkaly beýleki işleri amala aşyrmaga.

Wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýuridik şahslar öz eýeçiligindäki wirtual aktiwleri Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginden daşarda goýbermäge we ýerleşdirmäge hukuklydyrlar.

2. Ýuridik we fiziki şahslar şulara borçludyrlar:

1) wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

2) ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen möhletlerde we tertipde wirtual aktiwler bilen geçirilen amallar barada maglumatlary we hasabatlary bermäge.

III BAP. MAÝNINGIŇ AMALA AŞYRYLMAGY

16-njy madda. Maýning

1. Maýning hususy we senagat maýningi görnüşinde amala aşyrylýar.

2. Hususy maýning Türkmenistanyň dahyllysy we (ýa-da) dahylsyzy bolan hususy telekeçi tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Senagat maýningi Türkmenistanyň dahyllysy we (ýa-da) dahylsyzy bolan ýuridik şahs tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň çäginde gizlin maýningiň amala aşyrylmagy gadagan edilýär.

17-nji madda. Maýnerleriň elektron sanawy, onuň maksatlary we wezipeleri

1. Maýnerleriň elektron sanawy — Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly bilen bitewüleşdirilen maýnerleri uzak aralykdan bellige almak we bellige alnandygy barada şahadatnamany bermek üçin maglumat ulgamy (ygtyýarly edaranyň apparat-programma serişdeleri).

2. Maýnerleriň elektron sanawynyň esasy maksatlary we wezipeleri şulardyr:

1) Türkmenistanyň çäginde hereket edýän maýnerleriň hasabyny ýöretmek we bir bitewi maglumat binýadyny döretmek;

2) maýnerleriň uzak aralykdan bellige alynmak mümkinçiligini döretmek;

3) maýning çygrynda aýdyňlygy, gözegçiligi üpjün etmek we energiýanyň sarp edilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak;

4) Türkmenistanyň çäginde maýnerlere amatly şertleri döretmek;

5) maýning çygrynda analitiki we statistiki maglumatlary taýýarlamak we öwrenmek.

18-nji madda. Maýnerleriň bellige alynmagy

1. Maýningi amala aşyrýan şahslar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga borçludyrlar.

2. Maýnerleri bellige almak uzak aralykdan we bellige alnandygy barada şahadatnamany (QR-kodly) elektron görnüşinde almaga mümkinçilik döretmek bilen, Internet tory arkaly diňe elektron görnüşinde amala aşyrylýar.

3. Bellige alnan ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň bellige alnandygy barada şahadatnamany alan gününden maýningi amala aşyrmaga hukuklary bardyr.

4. Maýningi amala aşyrmak üçin maýnerleriň bellige alnandygy barada şahadatnama hereket ediş möhleti çäklendirilmezden berilýär.

5. Maýnerleriň bellige alnandygy barada şahadatnamany almak üçin bellenilen talaplar we şertler:

1) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ähli zerur maglumatlaryň görkezilmegi bilen, hökmany bellige alynmagy;

2) bellige alyş töleginiň tölenilmegi;

3) eýeçiliginde maýning enjamlarynyň bolmagy;

4) maýningiň netijesinde alnan wirtual aktiwleri ýygnamak üçin hereket edýän wirtual aktiw gapjygynyň bolmagy;

5) ýangyn, sanitariýa we tehniki howpsuzlygyň talaplarynyň göz öňünde tutulmagy bilen, maýning enjamlaryny gurnamak üçin niýetlenen jaýlaryň elektrik üpjünçilik ulgamynyň tehniki abatlygynyň we hil taýdan talabalaýyk bolmagynyň üpjün edilmegi;

6) gizlin maýningiň amala aşyrylmazlygy;

7) ygtyýarly edaranyň talap etmegi boýunça maýningiň amala aşyrylmagy ýa-da wirtual aktiwleriň dolanyşygy bilen baglanyşykly maglumatlaryň muzdsuz we bellenilen möhletlerde berilmegi.

19-njy madda. Maýnerleriň bilelikdäki işi. Maýning-pul

1. Maýnerler özleriniň bilelikdäki işini amala aşyrmak maksady bilen, maýning-pul işini gurap bilerler.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan ýuridik şahs ýa-da hususy telekeçi maýning-pul işini guraýan şahs bolup biler.

3. Maýning-pul işini guraýan şahs maýning-pul işine gatnaşyjylara wirtual aktiwleri gazanmak maksady bilen ulanylýan birnäçe tehniki we apparat-programma üpjünçilik enjamlarynyň kuwwatyny birleşdirmek üçin hyzmatlary hödürleýär hem-de çykarylan (alnan) wirtual aktiwleri maýning-pul işine gatnaşyjylaryň arasynda paýlaýar.

4. Maýning-pul işini guraýan ýuridik şahs şol bir wagtda wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji hem bolup biler.

5. Maýning-pul işini guraýan şahs şu Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda bellige alynmaga hem-de bellenen talaplary berjaý etmäge borçludyr.

6. Şu maddanyň üçünji böleginde bellenilen talaplaryň maýning-pul işini guraýan şahslar tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

IV BAP. WIRTUAL AKTIWLERIŇ EMISSIÝASY WE (ÝA-DA) JEMAGAT ÖŇÜNDE ÝERLEŞDIRILMEGI

20-nji madda. Wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi

1. Wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň hojalygy ýörediji subýektleri tarapyndan şu maksatlar üçin amala aşyrylýar:

1) maýa goýumlary we karz serişdeleri çekmek;

2) emläge bolan eýeçilik hukugynyň tassyklanylmagyny, hasaba alynmagyny we alyş-çalşygyny üpjün etmek.

2. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň, ilkinji ýerleşdirilmeginiň we dolanyşygyny guramagyň we amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

21-nji madda. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy

Emitent tarapyndan wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi ygtyýarly edara tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

22-nji madda. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagyndan ýüz döndermek

Şular wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagyndan ýüz döndermek üçin esas bolup durýar:

1) döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin berlen resminamalaryň we şol resminamalardaky maglumatlaryň wirtual aktiwler çygryndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmezligi;

2) wirtual aktiwleriň emissiýasy barada kabul edilen çözgüdiň emitent tarapyndan berjaý edilmezligi;

3) wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen döwlet pajynyň we (ýa-da) tölegleriň tölenilmezligi.

23-nji madda. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň togtadylmagy, şeýle hem olaryň geçirilmedik ýa-da hakyky däl diýlip ykrar edilmegi

1. Wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi:

1) wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagy, şeýle hem wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi barada çap edilen nädogry maglumatlar, olaryň aradan aýrylmazyndan öň ýüze çykarylan ýagdaýynda, ygtyýarly edara tarapyndan togtadylýar;

2) emissiýanyň togtadylmagyna getiren düzgün bozulmalaryň emitent tarapyndan aradan aýrylmadyk ýagdaýynda, ygtyýarly edara tarapyndan geçirilmedik diýlip ykrar edilýär;

3) kazyýetiň degişli çözgüdi esasynda hakyky däl diýlip ykrar edilýär.

2. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň geçirilmedik ýa-da hakyky däl diýlip ykrar edilen ýagdaýynda, şol goýberilen ähli wirtual aktiwler dolanyşykdan aýrylmaga degişlidir hem-de geçirilmedik ýa-da hakyky däl diýlip ykrar edilen wirtual aktiwleriň emissiýasyndan emitent tarapyndan alnan serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde eýelerine gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň geçirilmedik ýa-da hakyky däl diýlip ykrar edilmegi we serişdeleriň eýelerine gaýtarylyp berilmegi bilen bagly harajatlar emitentiň hasabyna degişli edilýär.

3. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň togtadylmagy, şeýle hem olaryň geçirilmedik ýa-da hakyky däl diýlip ykrar edilmegi bilen bagly çözgütler emitent tarapyndan ylalaşylmadyk ýagdaýynda kazyýete ýüz tutulyp bilner.

24-nji madda. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet belligine alynmagy üçin döwlet pajy we tölegler

1. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet belligine alynmagy üçin döwlet pajy, şeýle hem ygtyýarly edara tarapyndan edilen hyzmatlar üçin tölegleriň alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet belligine alynmagy üçin döwlet pajynyň möçberi, ony almagyň we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

3. Wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi üçin hyzmatlar ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde tölegli esasda amala aşyrylýar.

25-nji madda. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň ýeke-täk döwlet sanawy

1. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň ýeke-täk döwlet sanawynda emitentiň ady, wirtual aktiwleriň mukdary, nominal gymmaty (bellige alnan senesine), şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda göz öňünde tutulan beýleki maglumatlar bolmalydyr.

2. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

26-njy madda. Wirtual aktiw gapjygy

1. Wirtual aktiwleri saklamak we onuň bilen geleşikleri amala aşyrmak üçin şertleri döretmek maksady bilen, wirtual aktiw gapjygy döredilýär.

2. Wirtual aktiw gapjygy «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, eýesini kesgitlemek we hakykylygyny barlamak amallary geçirilenden soň, wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operator tarapyndan açylýar.

V BAP. WIRTUAL AKTIWLER HYZMATLARYNY ÜPJÜN EDIJILER. KRIPTOBIRŽA

27-nji madda. Wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler

1. Türkmenistanyň çäginde bellige alnan, ygtyýarnama esasynda hereket edýän we şu Kanunda bellenen wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlary ýerine ýetirýän ýuridik şahslar wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler bolup durýarlar.

2. Şular wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň esaslandyryjylary ýa-da gatnaşyjylary (paýdarlary), wezipeli adamlary bolup bilmeýärler:

1) offşor zolakda hemişelik ýaşaýan fiziki şahslar we (ýa-da) şeýle zolakda bellige alnan ýuridik şahslar — Türkmenistanyň dahylsyzlary;

2) offşor zolaklarda ýerleşýän banklarda hasaplary bolan ýuridik we fiziki şahslar;

3) ýuridik şahs, eger-de onuň gatnaşyjysy (paýdary) offşor zolagynda hemişelik ýaşaýan fiziki şahs bolan halatynda;

4) syýasy partiýalar, kärdeşler arkalaşyklary we beýleki jemgyýetçilik birleşikleri;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen terrorçylyga, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gatnaşygy babatda maglumatlary bolan şahslaryň sanawyna girizilen ýuridik we fiziki şahslar;

6) özleri barada terrorçylyga we ekstremizme, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagyna garşy göreşi alyp barýan döwlet edaralary we Türkmenistanyň beýleki ygtyýarly edaralary tarapyndan berilýän maglumatlaryň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralaryndan we halkara guramalardan resmi çeşmeler arkaly alnan habarlara esaslanýan ýaramaz maglumatlar bar bolan ýuridik we fiziki şahslar;

7) iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk adamlar, şol sanda beýleki döwletlerde;

8) maliýe borçnamalaryny tölemek barada kazyýetiň çözgüdini ýerine ýetirmedik şahslar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki şahslar.

28-nji madda. Wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň esaslyk maýasy

Wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň esaslyk maýasynyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

29-njy madda. Wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler tarapyndan hödürlenilýän wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlar

1. Işiň şu aşakdaky görnüşleri wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlar diýlip ykrar edilýär:

1) wirtual aktiwleri satyn almak-satmak we (ýa-da) alyş-çalşygy;

2) wirtual aktiwleriň arasynda özara alyş-çalşygy;

3) wirtual aktiwleriň geçirilmegi;

4) wirtual aktiwleriň saklanylmagy, dolandyrylmagy we gözegçiligi;

5) emitentiň wirtual aktiwleriniň ilkinji ýerleşdirilmegi we (ýa-da) satylmagy bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlarynyň edilmegi.

2. Wirtual aktiwleri satyn almak-satmak we (ýa-da) alyş-çalşygy diýlip wirtual aktiwleriň satyn alynmagy we satylmagy, şeýle hem alyş-çalşygy boýunça işleriň amala aşyrylmagyna düşünilýär.

3. Wirtual aktiwleriň arasynda özara alyş-çalyş hyzmaty diýlip wirtual aktiwleriň bir ýa-da birnäçe görnüşini wirtual aktiwleriň beýleki görnüşlerine alyş-çalyş etmek işiniň amala aşyrylmagyna düşünilýär.

4. Wirtual aktiwleri geçirmek hyzmaty diýlip müşderiniň adyndan we onuň bähbidi üçin wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň özi tarapyndan ýa-da başga bir wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji arkaly wirtual aktiwleri geçirmek işiniň amala aşyrylmagyna düşünilýär.

5. Wirtual aktiwleri saklamak, dolandyrmak we gözegçilik etmek hyzmaty diýlip wirtual aktiwleriň ýa-da wirtual aktiwlere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän gurallaryň jogapkärli saklanylmagyna we (ýa-da) dolandyrylmagyna düşünilýär.

Wirtual aktiwleriň saklanylmagy, dolandyrylmagy we gözegçiligi wirtual aktiwleriň we (ýa-da) wirtual aktiwlere gözegçilik gurallarynyň üçünji taraplaryň adyna we bähbitlerine özbaşdak geçirilmegine mümkinçilik berip, wirtual aktiwleriň goraglylygyny üpjün etmelidir. Wirtual aktiwleri saklamak, dolandyrmak we gözegçilik etmek hyzmatlaryny amala aşyrýan wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji wirtual aktiwleriň geçirilmegini diňe onuň eýesiniň wirtual aktiwleri dolandyrmak we geçirmek baradaky tabşyrygyna laýyklykda amala aşyrýar.

6. Wirtual aktiwleri saklamak hyzmatlaryny hödürleýän wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji ygtyýarly edaranyň hukuk namasy bilen bellenen tertipde, müşderileriň serişdeleriniň Internet toruna birikdirilmedik elektron göterijilerde (sowuk gapjyklarda) saklanylmagyny üpjün etmäge borçludyr.

7. Wirtual aktiwleri ýerleşdirmek we (ýa-da) satmak bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlary diýlip emitentiň wirtual aktiwleriniň ilkinji ýerleşdirilmegi we (ýa-da) satylmagy bilen bagly maliýe hyzmatlarynyň hödürlenilmegine we (ýa-da) şol hyzmatlaryň hödürlenilmegine gatnaşylmagyna düşünilýär.

Wirtual aktiwleri ýerleşdirmek we (ýa-da) satmak bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlaryny etmek bilen meşgullanýan wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji emitentiň adyndan, onuň hasabyna we bähbitleri üçin wirtual aktiwleri ýerleşdirmek ýa-da satmak bilen bagly ylalaşyklary baglaşmaga haklydyr.

30-njy madda. Wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operator

1. Wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operator Türkmenistanyň çäginde bellige alnan we ygtyýarly edara tarapyndan berlen ygtyýarnama esasynda hereket edýän, wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatorlaryň sanawyna girizilen ýuridik şahs bolup durýar.

2. Wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatoryň esaslandyryjylary ýa-da gatnaşyjylary (paýdarlary) ýuridik we fiziki şahslar — Türkmenistanyň dahyllylary we (ýa-da) dahylsyzlary bolup bilerler.

3. Wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operator şu Kanunyň 29-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan işleri ýöriteleşdirilen platformalaryň üsti bilen amala aşyrýar.

4. Wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatorlaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy we olaryň sanawynyň ýöredilmegi ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatoryň işini alyp barmagyň we wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatorlaryň sanawyny ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

31-nji madda. Wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlary etmegiň tertibi we talaplary

1. Wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlar diňe ýöriteleşdirilen platformalarda ýerine ýetirilýär.

2. Şu Kanunyň 29-njy maddasynda göz öňünde tutulan wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlar ygtyýarly edara tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň şu maddada görkezilen çäklendirmelerden we talaplardan başga, şu Kanunyň 29-njy maddasynda göz öňünde tutulan bir ýa-da birnäçe hyzmatlary etmäge hukugy bardyr.

4. Wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek üçin beýleki wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileri wekil hökmünde işe çekip bilerler.

5. Töwekgelçiliklere baha bermek we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklylygyny kesgitlemek üçin, islenilmeýän amallaryň öňüni almak we işiň gözegçiligini üpjün etmek maksady bilen, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler tarapyndan müşderiler barada maglumatlary, serişdeleriň geçirimleri (tranzaksiýalary) we beýleki görkezijileri öz içine alýan müşderiniň sanly profili döredilýär.

6. Türkmenistanyň karz edaralaryna (wirtual aktiwleriň alyş-çalşygyny üpjün ediji operatorlardan başgalar) şu Kanunyň 29-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlary etmek gadagan edilýär.

7. Şu Kanunyň 29-njy maddasynyň birinji böleginiň 3-nji, 4-nji we 5-nji bentlerinde göz öňünde tutulan wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlaryň Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan edilmeginiň tertibi we talaplary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň namalary bilen kesgitlenilýär.

8. Karz edaralary bolmadyk ýuridik şahslar tarapyndan şu Kanunyň 29-njy maddasynda göz öňünde tutulan wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmeginiň tertibi we talaplary ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

9. Wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ýöriteleşdirilen platformalaryň hem-de olarda saklanylýan şahsy maglumatlaryň goragy maglumat we kiberhowpsuzlyk çygryndaky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

32-nji madda. Paýlanan reýestr maglumatlary

1. Paýlanan reýestr maglumatlary ygtyýarly edara, şeýle-de ygtyýarly edaranyň rugsady esasynda, beýleki wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler tarapyndan döredilýär.

2. Paýlanan reýestr maglumatlary maglumatlaryň howpsuzlygyny, aýdyňlygyny we galplaşdyrylmazlygyny üpjün etmek üçin birnäçe tor düwünlerinde we (ýa-da) hasaplaýyş enjamlarynda saklanylýan (merkezi serwerde däl) ulgam hökmünde döredilýär.

33-nji madda. Kriptobiržanyň işi

1. Kriptobirža öz işini Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen guramaçylyk-hukuk görnüşinde (jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasyndan başga) alyp barýan ýuridik şahsdyr.

2. Kriptobirža wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji hökmünde şu Kanunyň 29-njy maddasynda göz öňünde tutulan wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlary ýerine ýetirip biler.

3. Kriptobirža wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün ediji hökmünde öz müşderileriniň şahsy maglumatlarynyň we wirtual aktiwleriniň goragyny üpjün etmäge borçludyr.

4. Şu Kanuna laýyklykda kriptobiržalaryň döredilmeginiň, işiniň alnyp barylmagynyň we hasabatlylygynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

34-nji madda. Wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň işini ygtyýarlylandyrmak

Wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň işini ygtyýarlylandyrmak işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

35-nji madda. Wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijilere ulanylýan täsir ediş çäreleri

1. Ygtyýarly edara wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň işindäki töwekgelçiliklere dessin jogap bermek, müşderileriň we beýleki sarp edijileriň bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijä, onuň esaslandyryjylaryna ýa-da gatnaşyjylaryna (paýdarlaryna) we wezipeli adamlaryna täsir ediş çärelerini ulanýar.

2. Şu Kanunda bellenilen kadalaryň we talaplaryň bozulmagy täsir ediş çärelerini ulanmagyň esaslary bolup durýar.

3. Täsir ediş çärelerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) tabşyryknama;

2) wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijilere we olaryň wezipeli adamlaryna jerimäniň salynmagy;

3) wirtual aktiwler bilen baglanyşykly hyzmatlaryň käbir görnüşleriniň ýerine ýetirilmegine çäklendirme;

4) ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagy;

5) ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy.

4. Ygtyýarly edara wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijilere şu aşakdaky ýagdaýlarda täsir ediş çärelerini ulanýar:

1) wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň işi amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy;

2) ygtyýarly edara tarapyndan geçirilýän barlag we gözegçilik işleriniň ýerine ýetirilmegine garşy hereket edilmegi;

3) wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň hereketleriniň ýa-da hereketsizliginiň netijesinde müşderileriň we beýleki sarp edijileriň kanuny bähbitlerine we hukuklaryna howp salynmagy;

4) wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň wezipeli adamlarynyň hereketleriniň ýa-da hereketsizliginiň Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň ygtyýarnamasynyň hereketiniň togtadylmagyna we (ýa-da) ýatyrylmagyna, mejbury tertipde ýatyrylmagyna ýa-da batyp galmagyna getirmegi;

5) maglumatlaryň bellenen tertipde ygtyýarly edara berilmezligi ýa-da wagtyndan giç, nädogry, doly däl hasabatlylygyň we (ýa-da) beýleki maglumatlaryň berilmegi.

36-njy madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy çäreler

Maýnerler we wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça çäreleri görmäge we bu babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

VI BAP. WIRTUAL AKTIWLER ÇYGRYNDA MAHABAT

37-nji madda. Wirtual aktiwler çygrynda mahabata bildirilýän talaplar

1. Wirtual aktiwler çygrynda işi amala aşyrýan şahslar wirtual aktiwleriň mahabatyna bildirilýän talaplary berjaý etmelidirler we özleriniň alyp barýan işlerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan talaplaryň berjaý edilmegini we durmuşa geçirilmegini üpjün etmelidirler.

2. Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginden daşarda (şol sanda üçünji şahslary çekmek bilen) ýerleşdirilýän (ýaýradylýan) wirtual aktiwler barada mahabat aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

1) gatnaşmagyň töwekgelçilik bolup durýandygy barada duýduryşy öz içine almalydyr;

2) wirtual aktiwler bilen baglanyşykly amallarda bolup biljek töwekgelçilikler barada maglumatlary öz içine almalydyr, şol sanda:

a) pul serişdeleriniň we beýleki raýat-hukuk obýektleriniň wirtual aktiwlerе alyş-çalşygy geçirilende, şol sanda wirtual aktiwleriň bahasynyň üýtgemegi netijesinde, olaryň doly ýitirilip bilinýändigi barada;

b) tehniki näsazlyklar (ýalňyşlyklar) barada;

ç) hukuk tertibine garşy gelýän hereketleriň edilmegi, şol sanda ogurlanmagy barada;

d) wirtual aktiwleriň döwlet tarapyndan üpjün edilmeýändigi barada;

e) wirtual aktiwleriň Türkmenistanyň çäginde töleg serişdesi bolup durmaýandygy barada;

3) ofertany öz içine alýan mahabatyň mazmunynda şertnamany baglaşmak üçin teklip edilýän ähli şertler, şeýle hem bu ofertanyň aksepti üçin hereketleriň beýany göz öňünde tutulmalydyr;

4) eger mahabatda bolup geçen görkezijiler, modelirlenen görkezijiler we geljekde bolup biljek görkezijiler beýan edilýän bolsa, onda bu mahabatda, Türkmenistanyň mahabat hakynda kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek bilen, sarp edijilere şeýle görkezijileriň düýp manysy we olaryň esasynda netijä gelnen ähtimallyk häsiýeti anyk düşündirilmelidir.

3. Mahabata bildirilýän umumy talaplar Türkmenistanyň mahabat hakynda kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

38-nji madda. Wirtual aktiwler çygrynda mahabata bolan çäklendirmeler

Wirtual aktiwleriň mahabatynda şu aşakdakylar bolmaly däldir:

1) wirtual aktiwleriň ulanylmagy bilen baglanyşykly işleriň netijeliligi (düşewüntliligi) barada wadalar ýa-da kepillikler, işiň geçen döwürdäki netijeliligi barada auditorçylyk guramasy tarapyndan tassyklanylan maglumatlary görkezýän ýagdaýlardan başga;

2) zynat närseler, bonuslar we arzanladyşlar barada maglumat;

3) baýamagyň aňsat usuly hökmünde wirtual aktiwler bilen geçirilýän geleşikler barada maglumat;

4) wirtual aktiwleriň ulanylmagy bilen baglanyşykly işleriň hünär ýa-da şahsy üstünlik gazanmak üçin ähmiýetlidigi barada nygtamalar;

5) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň keşpleri;

6) wirtual aktiwleriň ulanylmagy bilen baglanyşykly işlere gatnaşmazlygy ýazgarýan beýanlar.

VII BAP. WIRTUAL AKTIWLER ÇYGRYNDA DÜZGÜN BOZULMALAR

39-njy madda. Wirtual aktiwler çygryndaky düzgün bozulmalaryň görnüşleri

Şular wirtual aktiwler çygryndaky düzgün bozulmalar bolup durýar:

1) wirtual aktiwler çygrynda işiň ygtyýarnamasyz ýa-da şahadatnamasyz amala aşyrylmagy;

2) wirtual aktiwler çygrynda işiň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ygtyýarnama we rugsat beriji talaplaryň we şertleriň berjaý edilmezligi;

3) gizlin maýningiň amala aşyrylmagy;

4) wirtual aktiwleriň mahabatyna bildirilýän talaplaryň berjaý edilmezligi;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen beýleki düzgün bozulmalar.

40-njy madda. Wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

41-nji madda. Wirtual aktiwler çygrynda çäklendirmeler

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti wirtual aktiwleriň gymmatynyň gaçan ýa-da ýiten ýagdaýynda jogapkärçilik çekmeýär we olaryň öwezini dolmaýar.

2. Döwlet wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär.

3. Wirtual aktiwleriň maýningini, emissiýasyny, ilkinji ýerleşdirilmegini amala aşyrýan şahslara we wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijilere öz atlandyrmalarynda ýa-da nyşanlarynda, islendik dilde we islendik baglaşdyrmada, şol sanda setir we baş harplaryny ýa-da olaryň baglaşdyrmalaryny ulanmak arkaly «döwlet», «Türkmenistan», «türkmen», «türkmeniň», «milli» diýen sözleri doly ýa-da gysgaldylan görnüşde ulanmak gadagandyr.

4. Wirtual aktiwleriň maýningini, emissiýasyny, ilkinji ýerleşdirilmegini amala aşyrýan şahslardan we wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijilerden başga ýuridik şahslara we hususy telekeçilere öz atlarynda we mahabatlarynda «wirtual aktiw», «kriptopul», «sanly aktiw» diýen sözleri we (ýa-da) söz düzümlerini ulanmak gadagandyr.

42-nji madda. Jedelleriň çözülmegi

Wirtual aktiwler çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

43-nji madda. Şu Kanunyň herekete girizilmegi

Şu Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 22-nji noýabry.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok