«Sanly çözgüt – 2025»: ýaşlaryň innowasion taslamalary saýlama tapgyrda dowam edýär

Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmek ugrunda üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalaryň biri hem «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion bäsleşikdir. Bu çäre ýaşlaryň täze tehnologiýalara, emeli aň ulgamlaryna we robototehnika ýaly ugurlara bolan gyzyklanmasyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Bäsleşik her ýyl ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilip, emeli aň, awtomatizasiýa, akylly şäher we oba hojalygy, sanly lukmançylyk hem-de elektron bilim ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýlelikde, ol ýurdumyzyň sanly ösüşine täze pikirleri we innowasion çemeleşmeleri goşmaga mümkinçilik berýär.

Şu ýylyň saýlama tapgyryna gatnaşyjylar tarapyndan 350-den gowrak taslama hödürlenipdir. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde emin agzalar tarapyndan her bir iş innowasionlygy, ykdysady peýdasy, dizaýn çözgüdi we tehniki kämilligi boýunça seljerilýär.

Ýeňijileriň ady «Türkmentel – 2025» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dowamynda yglan ediler.

«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigi ýaşlaryň döredijilikli pikirlenmegini, sanly intellektual tehnologiýalary ösdürmekde we jemgyýetiň dürli ulgamlarynda täze çözgütleri ornaşdyrmakda alyp barýan işlerini höweslendirýär. Bu çäre ýurdumyzyň innowasiýa meýdanynda täze mümkinçilikleriň, täze pikirleriň we döredijilikli başlangyçlaryň dabaralanmagyna hyzmat edýär.

Mukam SEÝITNEPESOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok