Aşgabatda geçirilen 30-njy Halkara “Oil & Gas of Turkmenistan – 2025” maslahatynyň we sergisiniň dowamynda dünýä energetika ulgamynyň geljegine degişli möhüm meselelere seredildi. Iki günläp dowam eden bu iri forum ýurdumyzyň energiýa syýasatynyň täze ugurlaryny kesgitledi hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ünsüni ýene-de bir gezek Türkmenistana çekdi.
Maslahata onlarça ýurduň nebit-gaz pudagyndaky ýolbaşçylary, maýa goýujylar, halkara maliýe guramalary hem-de ylmy barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdy. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalanýandygyny, ykdysady açyklyk we hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň netijeli netije berýändigini bellediler.
Forumyň barşynda aýratyn üns Galkynyş gaz käniniň giňeltmek tapgyrlaryna, TAPI halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etdirilmegine, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäki täze maýa goýum mümkinçiliklerine gönükdirildi. Türkmenistanyň döwlet gurluşlary we halkara kompaniýalar birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamalaryna hem-de özara düşünişmek memorandumlaryna gol çekdiler.
Maslahatda çykyş eden hünärmenleriň nygtamagyna görä, Türkmenistan diňe tebigy gaz eksportçysy hökmünde däl, eýsem arassa energiýa we gaz himiýasy pudagynda-da öňdebaryjy ugrukma eýe boldy. Täzelenip durýan energiýa çeşmeleri boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagy, şol sanda Gün we ýel energiýasy esasynda täze stansiýalaryň gurulmagy bu ugurdaky döwlet syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilişini görkezýär.
OGT-2025 maslahatynyň netijeleri Türkmenistanyň energiýa strategiýasynyň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrdy. Şeýle çäreler diňe bir ykdysady hyzmatdaşlygy däl, eýsem ekologik jogapkärçiligi hem öňe sürýär. Bu bolsa ýurdumyzy sebitiň energetika merkezine öwürýän möhüm ugurlaryň biridir.
Maksat ABDYRASULOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler