“Türkmentel–2025” forumy sebit derejesinde tejribe alyşmagyň meýdançasyna öwrüler

Berkarar döwletimziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, täze ösüşlere ýol açýar. 2025-nji ýylyň 12–14-nji noýabry aralygynda geçiriljek “Türkmentel–2025” Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de “Halkara ulag-tranzit geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025” atly halkara forum şu ugurda möhüm ädimleriň biri bolar. Bu barada THP habar berýär.


Bu iki iri çäräniň bir wagtda geçirilmegi diňe bir maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, sanly ykdysadyýet bilen durnukly ulag ulgamynyň özara integrasiýasyna täze ädim bolar. Çäreler sanlylaşdyrma, emeli aň, innowasiýa we ulag-logistika gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden gelen hünärmenleri, alymlary hem-de işewürleri bir meýdançada jemlär.

Aragatnaşyk ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, “Türkmentel–2025” forumy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary babatda sebit derejesinde tejribe alyşmagyň we täze hyzmatdaşlygyň netijeli meýdançasyna öwrüler.


Forumyň esasy üns merkezi — sanly ykdysadyýetiň ösüşi, telekommunikasiýa ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sputnik tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk we emeli aňyň orny bolar. Şeýle hem bu çäreleriň çäklerinde “Sanly çözgüt–2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşurylar.


Bir wagtda geçiriljek ulag-tranzit foruma bolsa, dünýä ulag ulgamyndaky integrasiýany, täze geçelgeleri döretmegi we logistika mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär. Türkmenistan soňky ýyllarda bu ugurda durmuşa geçirýän başlangyçlary bilen halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Munuň aýdyň mysaly hökmünde BMG-niň 26-njy noýabry “Durnukly ulagyň bütindünýä güni” diýip yglan etmegi görkezilýär.


Sergi bölümleri ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň soňky üstünliklerini, täze sanly ulgamlary we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen iri maýa taslamalaryny öz içine alar.

Ysmaýyl MEREDOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok