Konstitusiýa güni – hukuk esaslarynyň mizemez binýady

Türkmenistanyň hukuk gurluşynyň, jemgyýetdäki kadaly gatnaşyklaryň, raýatlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň esaslaryny berkidýän esasy resminama bolan Konstitusiýa, halkymyzyň hukuk we döwlet ösüşinde möhüm orna eýedir. Her ýylyň 18-nji maýy ýurdumyzda giňden Konstitusiýa güni hökmünde bellenilýär.

Türkmenistanyň ilkinji Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Bu resminama Garaşsyz döwletimiziň dolandyryş gurluşyny, raýatlaryň hukuklaryny, döwlet häkimiýetleriniň bölüniş prinsiplerini, jemgyýetçilik guramalarynyň iş esaslaryny kesgitledi. Şeýlelikde, bu sene ýurdumyzyň taryhynda hukuk taýdan täze eýýamyň başy hökmünde görnükli orun eýeledi.

Konstitusiýa gününiň geçirilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda we resmi edaralarda dürli çäreler geçirilýär. Talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda hukuk temaly konferensiýalar, döredijilik bäsleşikleri, çykyşlar guralýar. Bu çäreleriň ählisi ýaş nesliň hukuk taýdan düşünjeli, döwletli, jemgyýetçilik jogapkärçilikli nesil bolup ýetişmegine gönükdirilendir.

Konstitusiýa – diňe bir hukuk resminamasy bolman, eýsem, jemgyýetiň tertip-düzgüniniň, adalatlylygyň, demokratiýanyň we ösüşiň kepili hökmünde kabul edilýär. Her bir raýatyň hukugynyň goragda saklanýandygynyň, döwlet bilen raýatlaryň arasynda durnukly gatnaşyklaryň bardygynyň kepili hökmünde Konstitusiýamyzyň ähmiýeti örän uludyr.

Konstitusiýa güni mynasybetli geçirilen çärelerde ýaş nesle bu resminamanyň taryhy ähmiýeti düşündirilýär, olaryň hukuk taýdan sowatly bolmagy üçin ýörite wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Şeýlelikde, Konstitusiýa güni diňe bir taryhy senäniň ýatlama güni däl, eýsem, häzirki döwrüň hukuk taýdan ösüşine täzeçe garaýyşlaryň ösdürilýän günidir.

Bu gün – Döwlet baýdagynyň güni bilen bilelikde bellenilýär. Watanyň hukuk binýadynyň we nyşanlarynyň bir günde dabaralanmagy – halkymyzyň döwletine, jemgyýetine we ösüş ýoluna bolan belent sarpasynyň alamatydyr. Baýdagyň kölegesinde ýaşaýan her bir raýatyň hukuklaryny kepillendirýän Konstitusiýamyz – döwletimiziň mizemez binýady bolup, onuň gymmaty ýyllar geçse-de peselmeýär.

Jeýhun JUMAŞOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok