Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde, Bütindünýä bankynyň hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň goldawynda gurnamagynda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Utgaşykly görnüşde geçirilýän bu maslahat häzirki zaman üçin örän möhüm bolan howanyň üýtgemegi meselesine bagyşlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan alymlary, bilermenleri we hünärmenleri, şeýle-de BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wekillerini bir ýere jemläp, pikir alyşmak üçin möhüm platforma hökmünde çykyş edýär.
Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň baý we özboluşly endemik ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.
Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş edenler howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde giňişleýin we utgaşykly çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi bilen mübarize alnyp barylýan durnukly ösüş maksatlary bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Bu ugurda ösüş strategiýalaryna, hususan-da oba hojalygy, suw serişdeleri we energetika ýaly möhüm pudaklara howanyň üýtgemegi bilen bagly pikirleriň we çözgütleriň ornaşdyrylmagynyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.
Teswirler