«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty geçiriler

2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Bu çäre Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Sergi bilen bilelikde geçiriljek maslahat şähergurluşyk, binagärlik, ulag we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda innowasion çözgütler bilen tanyşmak üçin möhüm platforma bolar. Çärä gatnaşyjylar öz taslamalaryny hödürläp, Aşgabat şäheriniň durnukly ösüşi hem-de ýaşaýjylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça pikir alyşarlar.

25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek maslahat bolsa şäher infrastrukturasy boýunça tejribe alyşmak, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň wekillerini we bilermenleri bir ýere jemlär.

Bu çäreler işewür gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek hem-de paýtagty ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary işläp düzmek üçin uly mümkinçilik döreder.

Täçmahal ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok