Aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärleriň tertibi

“Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetleriniň 05.02.2020 günki sanynda Aspirantura kabul etmegiň we alymlyk derejelerine dalaşgärleri berkitmegi tertipleri çap edildi.

Aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige girmek üçin arzalar 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 5-inden 25-ine çenli kabul edilýär. Aspirantura kabul etmek üçin giriş synaglary we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak boýunça çäreler 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 27-sinden mart aýynyň 20-sine çenli geçirilýär. Aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almaklyk 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden amala aşyrylýar.

ASPIRANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

Türk­me­nis­ta­nyň­ Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedowyň ­2008-­nji ­ýylyň ­14-­nji ­ýan­waryn­da ­çy­ka­ran ­9378 ­belgi­li ­Ka­ra­ry ­bilen­ tas­syk­lanan ­«Türk­me­nis­tan­da ­yl­my ­iş­gär­le­ri ­taý­ýar­la­mak ha­kyn­da­ Düz­gün­na­ma»­ laýyk­lyk­da,­ as­pi­ran­tu­ra­ ýo­ka­ry­ bi­lim­li,­ azyn­dan­ 5­ ýyl­ iş­ tejri­be­si­ bo­lan,­
saý­lan ­ug­ry ­boýun­ça ­ylmy ­göz­leg­le­ri­ geçir­mek­de ba­şar­ny­gy­ny ­gör­ke­zen­ şahs­lar ­bäsle­şik ­esa­synda ­kabul­ edil­ýär.­ Luk­man­çy­lyk ­yl­my­ ugry ­boýun­ça kli­ni­ki ­ordi­na­tu­ra­ny ­do­ly­ ge­çen­ we ­sag­ly­gy­ gora­ýyş ­ul­ga­myn­da ­azyn­dan ­3 ýyl­ ýa­da­ kli­ni­ki ­or­dina­tu­ra­ny ­geç­mez­den, ­azyn­dan ­5 ­ýyl ­iş­län ­şahslar aspiran­tu­ra ­bäs­le­şik­esa­syn­da­ka­bul­edil­ýär. As­pi­ran­tu­ra ­girmek ­ha­kyn­da aspi­rant­la­ry ­taý­ýar­la­ma­gy ­amala ­aşyr­ýan ­ýo­ka­ry ­okuw ­mekdebi­niň­ rektory­nyň­ ýa­da­ yl­my­ edara­nyň­ ýol­baş­çy­sy­nyň ­adyna ­ar­za ­şu­ resminamalary ­goş­mak bi­len ­be­ril­ýär:
—­ýoka­ry ­bili­mi ­hakyn­da­ diplo­my­nyň ­nusga­sy we ­onuň ­go­şun­dy­sy­ ( ýo­ka­ry­bi­li­mi ­da­şa­ry ­ýurt­da alan­lar ­üçin­—­de­giş­li ­diplo­my­nyň ­we ­onuň ­deň­ de­re­je­li­di­gi­ni ­tas­syk­la­ýan­ Türkme­nis­ta­nyň­ Bilim mi­nistr­li­gi­ tara­pyn­dan­ ber­len­ yk­rar­ şa­ha­dat­nama­nyň ­nus­ga­sy­ny );
—­iş­gär­le­ri ­ha­sa­ba ­almak ­bo­ýun­ça ­şah­sy ­kagyz;
—­¹­086/h­ gör­nüş­li ­luk­man­çy­lyk ­gü­wä­na­ma­sy;
—­4×6­ sm ­öl­çeg­dä­ki ­üç ­sa­ny­ fo­to ­su­rat;
—­neşir ­edi­len ­ylmy ­işle­ri­niň ­sa­na­wy,­ eger­-de oku­wa ­girýä­niň ­yl­my ­iş­le­r ­ boýun­ça ­oý­lap ­tap­mala­ry­ bar ­bol­sa ­yl­my­ bar­lag ­işle­ri­niň ­we ­oý­lap­ tapmalary­nyň, ­ha­sa­bat­la­ry­nyň ­sa­na­wy;
—­ hü­ nä­ri­ne­ la­ýyk­lyk­da­ saý­ lap­ alan­ te­ ma­sybo­ýun­ça­yl­my­re­fe­rat;
—­zäh­met­dep­der­çe­si­niň­nus­ga­sy.
As­pi­ran­tu­ra ­gir­ýän­ ra­ýat ­ýoka­ry ­okuw ­mekdebi­ni­ tamam­lan­dy­gy­ ha­kyn­da­ diplo­myny­ (da­şary ­ýurt­da ­bi­lim ­alan­ adam­lar­ üçin­ — ­diplom ­we onuň­ deň dere­je­li­di­gi ­hakyn­da­ yk­rar ­şaha­dat­nama­ny)­ we­ şah­sy­ýe­ti­ni­ tas­syk­la­ýan­ resmi­na­manyň ­asyl ­nus­gasy­ny ­ge­ti­rip ­gör­kez­ýär.

YLYMLARYŇ KANDIDATY ALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄRLERI BERKITMEGIŇ TERTIBI

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyrlar.
Aspiranturada doly okuwy geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmeýär.
Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek üç ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar.
Bir wagtyň özünde iki ýada birnäçe ýokary okuw mekdebinde ýada ylmy edarada dalaşgär bolmaga rugsat edilmeýär.
Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäriň ýokary okuw mekdebine ýada ylmy edara berkidilmegi üçin:
— ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýada ylmy barlag edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arzasy-ny;
— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin — de-gişli diplomynyň we onuň deňderejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tara-pyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasy).
Şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary bilimi hakyndaky diplomynyň (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin — degişli diplomy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan -berlen we onuň deňderejelidigini tassyklaýan ykrar şahadatnamany) asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

YLYMLARYŇ DOKTORY ALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄR HÖKMÜNDEHASABA ALMAGYŇ TERTIBI

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly.
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw mekdebine ýada ylmy edara hasaba alynýar.
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýada ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolbaşçynyň adyna:
—ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy goşulan arza;
—dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýada ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýarlygy baradaky güwänamasy.
Şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ylymlaryň kandidaty diplomynyň asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok