Her ýyl 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde köpçülikleýin sport we dynç alyş çäreleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu çäre Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekiliýeti we “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guraldy. Sportuň ähmiýetini wagyz etmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini goldamak maksady bilen geçirilen çärä 200-den gowrak adam gatnaşdy.
Çäre köpçülikleýin ylgaw bilen başlap, soňra interaktiw sapaklar, kikboks boýunça türgenleşikler we ýoga sapaklary bilen dowam etdi. Ýoga sapaklaryny Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen merkezleriň biriniň mugallymy alyp bardy.
Sport çäreleri ýaş gimnastikaçylaryň çykyşlary we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aýdym-saz-tans toparynyň çykyşlary bilen jemlenip, ýaş türgenlere baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Gözel ANNAÝEWA,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher
kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Teswirler