Bäherdendäki kärizlerde ýazky arassalaýyş we abatlaýyş işleri geçirilýär

«Bäherdenagyzsuw» müdirligi tarapyndan etrabyň çägindäki kärizlerde ýazky arassalaýyş we abatlaýyş işlerine taýýarlykly girişildi. Müdirligiň kärizçi ussalary bu ugurda geçen ýyllarda toplan baý tejribelerine daýanýarlar we asylly işe jogapkärçilikli çemeleşýärler.

Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşýan kärizgenler möwsümiň dowamynda etrap merkezindäki «Çopan», «Garaja», Mürçe geňeşligindäki «Janabat», Bamy geňeşligindäki «Bamyata», Sünçe geňeşligindäki «Garasuw», Döwgala geňeşligindäki «Döw», Akdepe geňeşligindäki «Han», Durun geňeşligindäki «Hüntüş», Börme geňeşligindäki «Köne Börme» ýaly kärizlerde degişli arassalaýyş we abatlaýyş işlerini alyp bararlar. Bu kärizleriň jana tenekar suwy ençeme ýyllardan bäri etrabyň ýaşaýjylarynyň agyz suw üpjünçiliginde giňden peýdalanylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok