Häzirki döwürde ekologiýa howpsuzlygy ýaly ählumumy meseleler täze usullary işläp taýýarlamagy talap edýär. Bu meseleler halkara guramalar we döwletler bilen hyzmatdaşlykda çözülmelidir. Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy barada alnyp barylýan işleri halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr.
Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. “Ýaşyl” we «akylly» ekoulgam döredilmekde Arkadag şäheri öňdebaryjy nusgalar bilen tapawutlanýar. Şeýle-de tebigaty gorap saklamak we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak üçin köp sanly taslamalar durmuşa geçirýär. Bu maksat bilen Aralýaka sebiti, Garagum sährasy we Hazar kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaly taslamalar alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ekologiýa ylmynyň ösüşi we jemgyýetde ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagy möhüm bolup, ýaşlar üçin ýörite çäreler we maslahatlar geçirilýär. Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara işjeňlikde hereket edýär. BMG we beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary ekologiýany we tebigaty gorap saklamakda möhüm orny eýeleýär. Şeýlelikde, Türkmenistan ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga hemişe taýýardyr.
Döwlet HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
institutynyň ýangyn tehnika fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.
Teswirler