Atmosfera howasynyň hapalanmagyna getirýän faktorlar dürli çeşmelerden gelip çykýar. Bu faktorlar tebigy we adam tarapyndan döredilen sebäpler bilen baglanyşykly bolup biler. Ilki bilen senagat kärhanalaryndan çykýan zyňyndylar howanyň hiline uly zyýan ýetirýär. Zawodlardan we elektrik stansiýalaryndan çykýan gazlar, tozan we beýleki zäherli maddalar atmosferany hapalaýar. Şeýle hem ulag serişdeleriniň, hususan-da awtoulaglaryň motoryndan çykýan kömürturşy gaz, kömür we azot oksidleri ýaly zyňyndylar şäher howasynyň hapalanmagynyň esasy sebäpleriniň biridir.
Fosil ýangyçlarynyň, ýagny kömüriň, mazudyň we tebigy gazyň ýakylmagy netijesinde howada zäherli maddalar emele gelýär. Oba hojalyk pudagynda ulanylýan dökünler, pestisidler we maldarçylykdan çykýan metan gazlary hem atmosfera ýaramaz täsir edýär. Mundan başga-da, gurluşyk işleriniň dowamynda emele gelýän tozan we beýleki galyndylar hem howanyň hapalanmagyna sebäp bolýar.
Tebigy sebäpler hem howanyň hapalanmagyna getirip bilýär. Mysal üçin, wulkanlaryň püskürmegi, çägeli-tupanly howalar we tokaý ýangynlary howada tozan we dürli gazlaryň köpelmegine sebäp bolýar. Bu faktorlaryň ählisi adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär, howanyň üýtgemegine we ekologik deňagramsyzlyga getirýär. Şonuň üçin howanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologik düzgünleri berjaý etmek we jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak möhüm meseleleriň biridir.
Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ
Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň
mugallymy.
Teswirler