Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. Watanymyzyň daşary we içerki syýasaty oňyn özgerişlere beslenýär. Her ýylda belli bir şygar astynda ösüşleriň gazanylmagy Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýar.
Dowam edýän 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagy hem uly syýasy ähmiýete eýedir. Türkmen halky gadymdan bäri asudalygy, parahatçylygy söýüp gelipdir. Jemgyýetiň arasynda agzybirligi, asudalygy gazanmak we saklamak maksady bilen ýaşuly nesillere, kethudalara salalar salnypdyr. Asyrlaryň dowamynda parahatçylygy goldamak däbe öwrülipdir.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz sebitde ylalaşygy ýola goýýan, asudalygy, parahatçylygy ündeýän, uruş-dawa goşulmaýan döwletdir. Diýarymyzda Açyk gapylar syýasaty oňyn dabaralanýar. Türkmen halky goňşy döwletler bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Döwletleriň arasynda birek-birege kömek-goldawlar berlip, ynanyşmak ýörelgesinden ugur alynýar. Ýurdumyz tarapyndan tebigy betbagtçylyklar netijesinde ejir çeken döwletlere ynsanperwer kömegi yzygiderli berilýär.
Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň jebisligi netijesinde Diýarymyz gün-günden gözelleşýär. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde mukaddes Garaşsyzlygymyza guwanyp, hemişelik ykrar edilen Bitaraplygymyza buýsanyp, bolelin erkana durmuşda ýaşaýan halkymyzyň begenjiniň, guwanjynyň çägi ýok.
Türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda birnäçe işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Watanymyzyň azatlygy, halkymyzyň jebisligi ugrunda alyp barýan dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Tagangeldi GARDYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Psihiatriýa, narkologiýa
we medisina psihologiýasy
kafedrasynyň assisenti.
Teswirler