Dünýäde dürli howa şertleriniň gözleginde bolýan alymlar we syýahatçylar üçin iň täsin ýerleriň biri bolan Atakama çöli, dünýäniň iň gurak ýeri hökmünde bellidir. Bu çöl Günorta Amerikanyň günbatar böleginde, Çiliniň territoriýasynda ýerleşýär we öz üýtgeşik tebigaty bilen tanalýar.
Atakama çöli 105,000 inedördül kilometri öz içine alýar we howasynyň çäksiz guraklygy bilen aýratynlaşýar. Bu ýerde käbir sebitlere birnäçe ýyl dowam edýän wagtyň dowamynda ýagyn düşmeýär. Käbir ylmy çeşmelere görä, Atakama çölüniň käbir ýerlerinde soňky müňlerçe ýylyň dowamynda hiç hili ýagyn düşmändir. Bu ýagdaýy dünýäniň beýleki çölleriniň, hatda Sahara Çölüniň howa şertlerinden hem tapawutlandyrýar.
Atakama Çölüniň gurak howasy onuň geografik ýerleşişi bilen baglydyr. Çöl, And daglarynyň we Sakit ummanyň arasynda ýerleşip, passat şemallarynyň we soýuk Humboldt akymynyň täsiri astyndadyr. Bu şertler atmosferada suwuň ýitirilmegini we ýagynyň döremegini çäklendirýär. Şeýle-de, daglaryň howanyň ýygy-ýygydan üýtgemeginiň öňüni almagy hem çölüň gurylygyny güýçlendirýär.
Atakama çölüniň bir aýratynlygy hem onuň özboluşly gözelligi we tebigy baýlyklarydyr. Bu ýerde ýerleşýän gözýetim giňişlikleri, duz meýdanlary, geotermal çeşmeler we ýangynly wulkanlar syýahatçylary haýran galdyrýar. Şeýle-de, çöl meýdanynda gadymy medeniýetleriň yzlary hem saklanyp galypdyr. Çölüň käbir ýerlerinde geçmişde ýaşaýan halklaryň göçme durmuşy bilen baglanyşykly taryhy ýadygärlikler tapylýar.
Howasynyň guraklygy we asmanynyň arassalygy sebäpli Atakama çöli dünýäniň iň esasy astronomiýa gözleg merkezleriniň biri bolup durýar. Bu ýerde ýerleşýän ALMA (Atacama Large Millimeter Array) teleskopy dünýäniň iň kuwwatly gözleg enjamlarynyň biridir we astronomiýa ylmynyň öňdebaryjy barlaglarynyň geçirilýän ýeridir.
Atakama çöli, dünýäniň iň gurak ýeri bolmak bilen bir hatarda, özboluşly tebigaty, gadymy mirasy we ylmy gözlegler üçin mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Bu çöl tebigatyň çäksiz güýjüni we onuň ynsan durmuşyna ýetirýän täsirini açyp görkezýän ajaýyp bir laboratoriýa hökmünde möhüm ähmiýete eýedir.
Meretgeldi BAÝRAMOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler