Dünýädäki dillere ýitmek howpy abanýar

Dünýäniň dil baýlygy, adamzat medeniýetiniň iň möhüm genji-hazynalarynyň biridir. Häzirki wagtda dünýäde 7 müňden gowrak dil ulanylýar, ýöne olaryň aglaba bölegine ýitmek howpy abanýar. BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESCO) hasabatlaryna görä, her iki hepdäniň dowamynda bir dil ýitip gidýär. Bu ýagdaý adamzat taryhynyň we medeniýetiniň köpdürlüligini ýitirmek howpuny hem ýüze çykarýar.

Näme üçin diller ýitip barýar?

Ýitmek howpy abanýan dilleriň sebäpleri köp taraply bolup, olaryň iň esasylary şulardyr:

  • Globalizasiýa: Has giňden ulanylýan dilleriň (iňlis, hytaý, ispan) global täsiri sebäpli kiçi halklar öz ene dillerini az ulanýarlar.
  • Medeniýet we syýasat: Käbir döwletlerde ýerli diller bilim ulgamynda ulanylmaýar, bu bolsa ýaş nesilleriň ene dilinden daşlaşmagyna getirýär.
  • Şäherleşmek: Şäherleşen sebitlerde ýerli diller ulanyşdan çykýar we ýerlikli bilim we iş mümkinçilikleri esasan giň dillerde hödürlenýär.
  • Medeniýet assimilýasiýasy: Käbir halklar öz medeniýetlerinden daşlaşyp, başga bir jemgyýetiň medeniýetine doly goşulýarlar.

Diller diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, halkyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we dünýägaraýşyny hem saklaýan gymmatlykdyr. Bir dil ýitende, onuň bilen birlikde köpasyrlyk taryhy maglumatlar, halkyň düşünje we aňlatma ýollary, milli we ruhy miras ýitýär.

Ýitip barýan dilleri goramak üçin köp taraplaýyn çäreler zerurdyr:

  • Bilim ulgamynda ýerli dilleriň berkarar edilmegi: Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda ýerli dilleriň sapaklary girizilip, ýaş nesil bu dillerde okamaga we ýazmaga höweslendirilmelidir.
  • Tehnologiýanyň ulanylmagy: Sanly platformalar arkaly kitaplar, wideo sapaklary we beýleki resurslar döredilip, ýerli dilleriň ýaş nesilleriň arasynda wagyz edilmegi üpjün edilmelidir.
  • Köpçülikleýin medeni çäreler: Festiwallar, maslahatlar we ylmy barlaglar arkaly daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanma artdyrylyp bilner.
  • Halkara taslamalar: ÝUNESCO we beýleki guramalar arkaly ýitmek howpy abanýan diller üçin ýörite taslamalar durmuşa geçirilmelidir.

Bilbil BAÝRAMDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok