Oba hojalygynda biotehnologiýalaryň orny barada ylmy-amaly maslahat geçirilidi

19-njy dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärede oba hojalygynda biotehnologiýalaryň häzirki zaman usullarynyň ulanylmagynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata dünýäniň 14 döwletinden 84 sany ýokary okuw mekdebiniň we ylmy merkezleriň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D. Ýolow gutlag sözi bilen çykyş edip, biotehnologiýalaryň oba hojalygyndaky ähmiýetini nygtady. Soňra Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Gazagystandan, Belarusdan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan we Pakistandan gelen alymlar häzirki zaman biotehnologiýalarynyň ylmy mümkinçilikleri we tejribelik ulanylyşy barada çykyş etdiler.

Maslahat oba hojalygyndaky biotehnologiýalaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan bäş esasy mowzuk boýunça guraldy:

Gen inženerçiligi we oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy – ekinleriň has durnukly we ýokary hasylly görnüşleriniň döredilmegine gönükdirilen ylmy işler.

Maldarçylykda biotehnologiýalar – maldarçylykda genetiki gözlegleriň we önümçilikde biotehnologik usullaryň ulanylmagy.

Biopestisidler we biodökünler – ekologiki taýdan arassa pestisidleriň we dökünleriň ulanylyşy.

Bioremediasiýa we ekologiki durnuklylyk – çäkleriň toprak we suw serişdeleriniň durnuklylygyny saklamakda biotehnologiýalaryň ähmiýeti.

Oba hojalyk biotehnologiýasynda bilim we mümkinçilikleri artdyrmak – bu ugurda kadrlaryň taýýarlanyşy we bilim mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy.

Maslahatyň çäginde oba hojalygy ulgamynda alnyp barylýan ylmy gözlegleriň netijelerine bagyşlanan sergi guraldy. Sergi dünýäniň dürli döwletlerinden getirilen häzirki zaman tehnologik gazananlary görkezmek bilen, alymlaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Maslahatyň dowamynda jemi 260 sany ylmy iş ara alnyp maslahatlaşyldy. Diňlenen çykyşlaryň arasynda iň täsirli we täsirli işleri eminler tarapyndan aýratyn bellenildi. Halkara maslahatyň jemleýji mejlisinde iň oňat işleriň awtorlary yglan edilip, olaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Bu maslahat oba hojalyk pudagynyň ösüşine biotehnologiýalaryň goşýan goşandyny dünýä derejesinde ara alyp maslahatlaşmak üçin uly mümkinçilik boldy we halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik döretdi.

Dawut DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby,
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok