Arkadag şäheri “Quality Choice Prize 2024” baýragyna mynasyp boldy

Arkadag şäheri, Türkmenistandaky ilkinji “akylly şäher” taslamasy, Ýewropanyň Hil Seljeriş Jemgyýeti (ESQR) tarapyndan sylaglanan “Quality Choice Prize 2024” baýragyna eýe boldy. Bu abraýly sylag, şäher gurluşygynda ýokary hilli, innowasion çözgütleri hem-de durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçiren taslamalara berilýär.

Bu baýragy almak üçin dalaşgärler durnukly gurluşyk, ekologiýa taýdan arassa innowasiýalar we şäher ýaşaýjylarynyň durmuş hilini ýokarlandyrmakdaky tagallalary boýunça seljerilýär. Arkadag şäheri, iň täze tehnologiýalary we “ýaşyl” gurşawy bilen, dünýä derejesindäki bu talaplara doly laýyk gelýär.

Arkadag şäheri diňe bir bu abraýly baýragy almak bilen çäklenmän, eýsem, 2024-nji ýylda Goyang şäherinde geçirilen Halkara Akylly Şäherler Sergisinde (World Smart City Expo 2024) birnäçe baýraklary hem aldy. Bu baýraklar şäheriň energiýa tygşytlylygyny, innowasion hyzmatlaryny we ekologiýa taýdan arassa çözgütlerini ýokary derejede ýerine ýetirýändigini subut edýär.

Arkadag şäheriniň üstünlikleri Türkmenistany dünýä ýüzünde durnukly we innowasiýa esasly şäher gurluşygynyň öň hatarynda görkezýär. Bu üstünlik Türkmenistanyň ýaşyl ösüşe we halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategik maksatlarynyň üstünligini ýene-de bir gezek subut edýär.

Humaý Hallyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok