TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary 2024-nji ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasyna guralan ylmy saparyň dowamynda Berlin döwlet kitaphanasynda iş alyp bardylar.
Alymlar saparyň dowamynda dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna giren, gadymy oguz türkmenleriniň irki jemgyýetçilik-syýasy gurluşy, ynanç-ygtykatlary, däp-dessurlary, ruhy ahwallary çeper beýanyny tapan «Kitaby dädem Gorkut» eposynyň entek dünýä ylmy jemgyýetçiligine mälim bolmadyk Berlin nusgasynyň üsti açyldy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin döwlet kitaphanasynda «Diez A fol. 61» belgili bukjada saklanýan bu nusga 75 sahypadan ybarat bolup, her sahypasy 32 setirden ybarat «nestalyk» ýazuw görnüşinde ýazylypdyr.
Öň ylmy jemgyýetçilige bu eposyň Drezden, Watikan, Türkmensähra we halkyň dilinden ýazylyp alnan Türkmenistan nusgalary bellidi diýlip, degişli makalada getirilýär.
Gurbangül ANNAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler