Obasenagat toplumynyň netijeliligi — azyk bolçulygynyň binýady

Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gorlary döredildi, olaryň tebigy süzülmeginiň döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde, oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary, şol sanda tarp ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, agaç nahallaryny suwarmak, tehniki hajatlar üçin peýdalanyp bolar. Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan bu ugurda degişli işler geçirilýär.

Täsin gidrotehniki desganyň kenarynda häzirki zaman obalarynyň peýda bolmagy çöllük ýerleriň özleşdirilmegine, bu ýerde maldarçylygyň, ekerançylygyň hem-de balykçylygyň ösdürilmegine mümkinçilik berer. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmek boýunça Konsepsiýa» bu maksada gönükdirilendir, onuň durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysady taýdan däl-de, ekologiýa nukdaý nazaryndan hem aýratyn möhümdir.

Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk möwsümini, şol sanda gowaça ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň we pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň netijesinde, obasenagat toplumynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemeli. Türkmenistanyň bu ugur boýunça sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinip, bu babatda möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekmek zerur.

Topragyň hilini gowulandyrmak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň bu pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan goldaw bermegiň bitewi ulgamynyň döredilendigini bellemek gerek. Düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygynyň we oňa hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça zawodlaryň gurulmagyna maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Gurbansoltan ATABAÝEWA,

Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok