Türkmen talyplary Astrahandaky uniwersiadada şowly çykyş etdiler

Türkmen talyplary Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň  VII Uniwersiadasyna gatnaşdylar.

 2024-nji ýylyň 7-12-nji oktýabry aralygynda RF-niň Astrahan şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII Uniwersiadasy geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan 2 talyp we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 2 talyp, şu ýylyň 6-13-nji oktýabry aralygynda saparda bolup, sport ýaryşyna gatnaşdylar. 

Geçirilen ýaryşyň netijesinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň Himiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 3-nji ýyl talyby Alsu Habibulina Sportuň ýeňil atletika (ylgamak) görnüşi boýunça 100 m aralykda 2-nji ýer, 200 m aralygy boýunça 2-nji ýer, uzynlygyna bökmek görnüşi boýunça 3-nji orna mynasyp boldy. 

Küşt görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Halynýazow Wepaly  3-nji orna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubunyň başlygynyň w.ý.ý., tälimçi Orazow Maksat greble-indor boýunça 1-nji ýeri eýeläp, Hormat hatyna mynasyp boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Gaýypnazarow Arslan erkekleriň arasynda suwda erkin  ýüzmek we suwda ýüzmegiň brass görnüşleri  boýunça (50m) 2-nji orunlara, geçirilen ýaryşda mynasyp boldy. 

Küşt görnüşi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Gubataýewa Aýşe 2-nji orna mynasyp boldy.

Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok