Düýn şeýle at bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sergi guraldy. Onda hormatly Prezdentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bagly muzeý gymmatlyklary bilen açylýar, olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň harby gullukçylar bilen okuw-türgenleşik döwründe düşen fotosuratlary, taryhy döwrlerde ulanylan söweş esbaplary, gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar, kümüşden ýasalyp, altyn çaýylan hanjarlardyr gamalar görkezilýär. Bulardan başga-da, serginiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly güýçlerini esaslandyrmak baradaky maglumatlar, Milli Goşunymyzy pugtalandyrmak babatda Garaşsyz ýyllarynda geçirilen işleri açyp görkezýän eksponatlar bar. Hormatly Prezidentimiziň watançylyk temasynda döreden kitaplary serginiň görnükli ýerinde orun aldy, şeýle hem Türkmenistanyň syýasy, we harby durmuşyna, watanymyzyň şöhratly taryhyna degişli, bu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli babatlarda gazanýan üstünliklerini aýdyň görkezýän gymmatlyklardyr fotosuratlar, dürli görnüşdäki halylar we pannolar sergä aýratyn gelşik berýär.
Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, bagtyýarlygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri biziň göz guwanjymyzdyr. Serhetlerimizi goramak, halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin türkmen serkerdeleri we esgerleri gije-gündiz Watan goragynda durýarlar. Geçmişde ata-babalarymyzyň görkzen gahrymançylyklary olary ýurdumyzyň çäklerini goramaga hemişe taýýar bolmaga ruhlandyrýar. Türkmen esgerlerine we serkerdelerine şöhratly taryhymyzdan görelde alara at köp. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmen gerçekleriniň görkezen gahrymançylygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy barada ýazylan taryhy we çeper eserleriň sany-sajagy ýok.
Watan, göbek ganyň daman topragy her bir türkmen üçin baş mukaddeslikdir. Halkymyz ene toprak, ata Watan diýip, ýurduny belent söbgi bilen goraýar. Türkmenistan döwletimiziň halkymyz tarapyndan beýk söýgi bilen gurşalmagy watançylyk duýgularynyň mizemez gözbaşydyr.
Teswirler